"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

Bugdaý — halkyň baýlygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ähli pudaklar bilen bir hatarda oba hojalyk pudagy hem ösdürilýär. Azyk bolçulygyny döretmekde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan harytlary öndürmekde, öz ýurdumyzda öndürilýän harytlary daşary ýurtlara eksport etmekde, halkymyzyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ösdürmekde uly işler alnyp barylýar.

Daýhana zähmeti abraý getirýär

Galla — 2023 Bereket etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň ekin meýdanlarynda bolup,  alnyp barylýan işler bilen tanşanyňda, bugdaý hasylyndan belent harman döredýän kärendeçileriň arzyly sepgitlerine ýetýändiklerine çäksiz buýsanýarsyň. Bugdaýy orlup, samanlary ýygnalýan giň meýdana nazar aýlaýan kärendeçi daýhan Nurly Gulatarowyň hem öz işinden göwnühoşlugy mesaňa görnüp dur. Ol özüne berkidilen 10 gektar ýerden 400 tonnadan gowrak bugdaý hasylyny alyp, daýhan birleşigi bilen baglaşan şertnamasyny artygy bilen berjaý edipdir. Topraga bagry badaşan kärendeçiniň her gektardan alan hasyly 40 sentnerden geçýär.

Gowaçalar gül açýar

Lebap welaýatynyň günorta etraplarynda gowaçalar köpçülikleýin gülläp başlady. Ony hemmeden öň balçylar duýandyrlar. Olar saklaýan balarylaryny gowaçaly atyzlaryň golaýyna göçürip getirdiler. Bu bolsa iki tarapa-da bähbitli. Daýhanyň ösdürip ýetişdirýän gowaçasy ýokary hilli tozanlanma geçýär, balçy hem gowaça gülüniň şiresinden arassa bal alýar. Şunda gowaçanyň gülleriniň ilki aşaky şahalarda emele gelmegi bal ýygnaýan ary üçin amatly. Sebäbi tomsuň jöwzasy hernäçe ýokary bolsa-da, gowaçanyň aşagyna Günüň şöhlesi düşmänsoň, gülleriň ýerleşýän ýeri salkyn bolýar. Şu ýyl günorta etraplarda gowaçanyň «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 34», «S — 2606», «F — 123» ýaly sortlarynyň ekilmegi irki hasylyň emele gelmegine şert döredýär. Häzir günsaýyn hasylyň alamatlarynyň köpelmegi gowaçanyň ideginiň ýetikdigini görkezýär. Indiki wezipe ony zyýankeşlerden goramak. Şonuň üçin welaýatyň etraplarynda bar bolan biofabriklerde, biobarlaghanalarda zyýankeşlere garşy ulanylýan möjejikleri öz wagtynda janlandyrmak işi ýola goýuldy. Bu işlere jogapkär hünärmenler daýhanlar bilen gowaçaly meýdanlary gözden geçirýärler. Gowaçalaryň hatar aralary ýumşadylanda, kultiwator güllere zyýan ýetirmez ýaly, olara polietilen haltalar geýdirilýär.

Galla oragy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär

3-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere seredildi. Maslahatda Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow, Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew häzirki wagtda sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Işeňňiriň işi ileri

Kaka etrabynyň «Edermen pagtaçy» daýhan hojalygynyň alyp barýan işleri barha ilerleýär. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komitetiniň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň başlangyjy esasynda ol ýerde döredijilik iş saparynda bolanymyzda munuň şeýledigine göz ýetirdik. Gürrüňi edilýän daýhan hojalygyna guramaçy, işjanly zenan Aýjahan Nuryýewa ýolbaşçylyk edýär. Mundan birnäçe ýyl ozal döredilen daýhan hojalygy onuň ýolbaşçylygynda oba hojalygynyň dürli ugurlarynda uly üstünliklere eýe bolup, öňdebaryjylaryň hatarynda mynasyp orun aldy. Geçen oba hojalyk ýylynda bu daýhan hojalygy gowaça hasylyny, guşgursak ak bugdaýy, şeýle-de ýeralmany ýetişdirmekde guwandyryjy görkezijilere eýe boldy. Şol zähmet üstünlikleri hojalygyň agzalaryny Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny hem ýokary iş netijelerine beslemäge ruhlandyrdy. Olaryň bu ugurdaky asylly maksatlarynyň myrat tapýandygyna ekerançylyk meýdanlarynda gyzgalaňly dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri şaýatlyk edýär.

Gyzgalaňly möwsüm

Ak bugdaý etrabynda galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Gallaçy daýhanlarymyzyň sahawatly topraga siňdiren azabynyň ýerine düşýändigine aýry-aýry hojalyklaryň gallaçylarynyň gazanan zähmet üstünlikleri şaýatlyk edýär. Etrabyň «Ak üzüm», «Üzümli toprak» daýhan hojalyklarynyň gallaçylary häzirki jogapkärli möwsümiň öňdebaryjylarydyr. Olar degişlilikde dokmaňyz ak bugdaýyň 300 we 272 tonnadan gowragyny taýýarlap, etrapda ilkinjiler bolup tabşyryga hötde geldiler. Etrabyň «Bugdaýly» tejribe-tohumçylyk daýhan birleşiginde şertnamalaýyn borçnamalaryna hötde gelýän kärendeçileriň sany günsaýyn artýar. Üstümizdäki ýylda 1300 gektarda guşgursak ak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdiren daýhan birleşigiň kärendeçileriniň arasynda tabşyryga abraý bilen hötde gelenleriň biri-de Çary Annaýewdir. Ol 28 gektar kärende ýeriniň her gektarynyň hasyllylygyny 40 sentnere ýetirdi. Hojalykda onuň zähmet göreldesine eýerýän gallaçylar az däl.

Gowaçanyň idegi

Tejen etrabynyň «ak altyn» ussatlary 30 müň 100 gektarda gowaçanyň ýerli toprak-howa şertlerinde ýokary hasyl bermäge durnukly görnüşlerini ýetişdirýärler. Häzirki günlerde olar gowaçanyň idegini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barýarlar. Pagtaçy daýhanlar gowaça ýetişdirilýän meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri bilen utgaşyklylykda, zyýankeşleriň we keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça çärelere aýratyn jogapkärçilikli çemeleşýärler. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gowaçanyň bol hasylyny kemala getirip, bu babatdaky şertnamalaýyn borçnamany artygy bilen berjaý etmek, şeýlelikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýuna sowgatly barmak pagtaçylaryň esasy maksadydyr. Bu asylly maksat olary tutanýerli işlemäge ruhlandyrýar. Meýdan işleriniň gyzgalaňly dowam edýän häzirki günlerinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň we ilkinji partiýa guramalarynyň wekilleri oba zähmetkeşleri bilen iş üstünde duşuşyp, olaryň armalaryny ýetirip durýarlar.

Limon baglaryndan bereketli hasyl almagyň möhüm çäreleri

Ýakynda gazetimize Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Erden geňeşliginiň zähmetkeşi, 5-nji orta mekdebiň halypa mugallymy Rozyjuma Rahymow telefon arkaly şeýle sowallar bilen ýüz tutdy: «Biziň geňeşligimizde ýyladyşhana şertlerinde limon agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek däbe öwrüldi. Özüm hususy mellegimde ýyladyşhanada limon ösdürip ýetişdirýärin. Birnäçe ýyldan bäri limon baglaryndan gowy hasyl alýardym. Muňa garamazdan, 2022-nji ýylyň aýaklaryna limon agaçlarym wagtyndan öň ýapraklaryny döküp, soňra hem miwesiniň ownamagyna getirdi. Mümkin bolsa, munuň sebäbi dogrusynda bize ýörite hünärmenler gürrüň beräýse» diýip, haýyş etdi. Biz okyjymyzyň sowallaryna jogap bermek üçin S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň agronomçylyk fakultetiniň ekerançylyk kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Laçyn AHMEDOWA ýüz tutduk. Ol okyjymyzyň sowalyna şeýle jogap berdi: — Limon agajy ýylylygy we ýagtylygy söýýän ösümliklere degişli we ösüş döwri 200 – 220 gün. Miweleriniň düwünçeginiň emele gelmegi we ösmegi üçin amatly temperatura 17-18 dereje ýylylyk hasaplanýar. Amatly ýylylykda güllemek yzygiderli bolup geçýär. Şonuň üçin bir düýpde gunçalary, gülleri, düwünçegi we bişen miweleri görüp bolýar. Türkmenistanda ýyladyşhana şertlerinde limon adatça ýazda – aprel, maý aýlarynda köpçülikleýin gülleýär.

Çopanyň ýakyn dosty

Gadymy ýadygärliklerden tapylan tapyndylaryň arasynda itleriň şekilleriniňdir galyndylarynyň bolmagy adamyň ilkinji eldekileşdiren haýwany hasaplanýan itiň biziň topragymyzda örän gadymy döwürlerden bäri idedilip gelýändigini aýtmaga esas döredýär. Munuň subutnamasy hökmünde türkmen alabaýyny we türkmen tazysyny görkezmek bolar. Il arasynda «alabaý», «çopan iti», «goýun iti» diýlip atlandyrylýan türkmen alabaýy gönüden-göni öý-ojagy we mal-garany goramak, türkmen tazysy bolsa aw awlamak ýaly ýörite maksatlar bilen idedilen gadymy tohum itleridir. Çünki halk seçgiçiligi arkaly ýörite ugurlar boýunça netijeli görkezijilere eýe bolan durnukly tohum malyny gysga döwürde kemala getirmek, soňra ony asyrlarboýy arassa saklamak ýeňil däl bolsa gerek. Bu hakykat türkmen alabaýynyň we tazysynyň diňe bir daşky beden gurluş aýratynlyklarynda däl, eýsem, gylyk-häsiýetlerinde-de aýdyň ýüze çykýar. Bu ýerde olaryň ynsan bilen aragatnaşygy, adam durmuşy bilen sazlaşygy, düşbüligi, kanagatlylygy, kynçylyklara, açlyk-horluga çydamlylygy, wepadarlygy, namysjaňlygy, gaýduwsyzlygy we beýleki ajaýyp häsiýetleri aýratyn bellärliklidir. Mysal üçin, alabaý berlen ýal bilen, tazy hem awdan berlen ülüş bilen kanagat edýärler, olar hiç haçan eýesiniň emlägine ýa-da awlanan awa hyýanat etmeýärler. Çünki müňýyllyklaryň dowamynda ata-babalarymyz seçgiçilikde öý haýwanlarynyň beden gurluşyny kämilleşdi

Erkin zähmet ile döwlet getirýär

Türkmenistan bu gün islendik önümiň bolçulygynyň emele gelen mekany hökmünde tanalýar. Bu bolçulyk ozaly bilen Milli Liderimiziň telekeçiligiň ösmegi üçin yzygiderli aladalanmagy, döwlet tarapyndan hususyýetçilere dürli goldawlaryň berilmegini üpjün etmegi netijesinde gazanyldy. Päk zähmeti bilen baýaýan hem-de durmuşda özleriniň mynasyp orunlaryny tapýan, döwlet tarapyndan uly goldawa eýe bolýan telekeçileriň müňlerçesi erkin zähmete giň ýol açan Milli Liderimize tükeniksiz alkyş aýdýar. Bu gün telekeçilik işi ösüşleriň ýoluny külterleýär. Telekeçilik bilen meşgullanmak bolsa iň bir hormatly işe öwrüldi. Milli Liderimiziň telekeçiligi ösdürmegiň başky tapgyrlarynda kabul eden «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky» Karary we beýleki möhüm resminamalary hususyýetçilik işini ýola goýmakda, telekeçileri karz serişdeleri bilen üpjün etmekde berk hukuk esasyny döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem telekeçilik işini kämil derejelere göterdi. Telekeçileriň önümçilik, innowasiýa hem-de maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak we olaryň önümçiligi ösdürmek, täze iş ýerlerini döretmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny karz serişdeleri bilen üpjün etmekde giň mümkinçilikler açyldy.

Welaýatymyzda bugdaý oragy gyzgalaňly barýar

Belent harmana ynam bar Şu günler welaýatymyzyň bugdaý meýdanlarynda kemala getirilen hasyly çalt hem-de ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna goşmak ugrundaky işleriň giň gerimde alnyp barylmagynyň netijesinde, gallaçy daýhanlaryň uzak wagtyň dowamynda ene topraga siňdiren yhlasynyň, maňlaý deriniň ýerine düşüp, harmanlarynyň barha belende galmagy hemmeleri guwandyrýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň olara döredýän oňaýly şertleriniň, berýän çäksiz goldawlarynyň ajaýyp miwesi bolup, halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda möhüm ähmiýete eýedir.  Bu babatda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 15,5 müň gektar meýdanda ak bugdaýyň bereketli hasyly ýetişdirilen Görogly etrabynyň çäklerinde amala aşyrylýan işler hem bellenilmäge mynasypdyr. Munda etrabyň «Ýagtylyk» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileriniň saldamly goşantlarynyň bardygyny aýtmak gerek.

Bar getiren baglary bar

Ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu maksatnamada ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen bir hatarda, oba hojalygyny ösdürmäge hem aýratyn orun berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda miweli baglary ösdürip ýetişdirmäge aýratyn üns berilmegi, daýhan hojalyklarynda dürli gök we ter miwe önümleriniň bol hasylynyň öndürilmegi halkymyzyň bereketli saçaklarynyň naz-nygmatdan doly bolmagyny üpjün edýär. Ýurdumyzda bu işleri ýerine ýetirmekde kärendeçi bagbanlara ähli mümkinçilikler döredilýär. Döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan bagbanlaryň biri-de Şabat etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Yslam Arazmedowdyr. Onuň ýetişdirýän baglaryny synlanyňda göwnüň göterilýär. Yslam aga 25 ýyldan gowrak wagt bäri bagbançylyk bilen meşgullanýar. Onuň 5 gektar ýerinde almanyň, erigiň, üljäniň, garalynyň, şetdalynyň dürli görnüşleri bar. Bu önümler ýurdumyzyň ak bazarlarynyň bezegidir. Hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen miweleri gaýtadan işleýän kärhanalaryň döredilmegi, telekeçileriň şol işlere işjeň gatnaşmagy bazarlarymyzda halkymyza ýetirilýän azyklyk önümleriň ýokary hilli bolmagyny üpjün edýär hem-de daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümleriniň öwezini dolup bilýär.

Hoş habar

Edermen gallaçylaryň üstünligi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ak bugdaýyň bereketli hasylyny kemala getiren Şabat etrabynyň «Nowruz» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer kärendeçileri Watan harmanyna galla tabşyrmak barada bellenilen meýilnamany welaýatymyzda ilkinjileriň biri bolup üstünlikli berjaý etdiler. Olar geçen ýylyň güýzünde bugdaý ekilen 335 gektar meýdandan 638 tonnanyň deregine 689 tonna ýokary hilli hasyl öndürmegiň hötdesinden geldiler. Munuň özi birleşigiň gallaçylarynyň uzak wagtyň dowamynda ene topraga siňdiren yhlaslarynyň ýerine düşüp, hormatly Prezidentimiziň gallaçylara berýän goldawlaryndan ýerlikli peýdalanyp, bildirýän uly ynamyny ödemek ugrunda amala aşyran çäreleriniň ajaýyp netijeleri berendigini aňladýar.

Bir etrapdan üç habar

Medeni hyzmat guralýar Häzirki döwürde bugdaý meýdanlarynda ýadawsyz zähmet çekýän kärendeçi daýhanlaryň, kombaýnçylaryň arasynda medeni-dynç alyş çäreleriniň guralyp, zähmetkeşleriň armasynyň ýetirilmegi olaryň ruhuny belende göterip, öz işlerine höweslerini artdyrýar. Munuň şeýledigini golaýda Köneürgenç etrabynyň «Akgala» daýhan birleşiginiň ekin meýdanynyň golaýyndaky bagda guralan çäre hem aýdyň görkezdi.

Daýhandan hereket — ýerden bereket

Gyzylarbat etrabynyň «Arkaç» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer babadaýhanlary hem galla oragynda tutanýerlilik görkezýärler. Bu ýerde gallaçylaryň netijeli we bökdençsiz işlemekleri üçin ähli amatlyklar bar. Ýörite döredilen tehnikalary abatlaýjylar topary tehnikalara iş üstünde göwnejaý hyzmat edýär. Tehnikalaryň ätiýaçlyk şaýlarydyr ýangyç, ýaglaýyş serişdeleri bilen üpjünçiligi oňat. Gallaçylara iş üstünde gyzgyn çaý, nahar berlip, medeni hyzmatlaryň ýola goýulmagy, orakda öňdebaryjylaryň sylaglanyp durulmagy işde oňat netijeleri gazanmaga uly ýardam edýär. Biz galla oragynyň gyzgalaňly gidýän ýerinde kuwwatly kombaýna erk edip, ýetişdirilen hasylyň ýekeje dänesini-de yrýa etmän orup ýören mehanizator Sähet Sähedow bilen söhbetdeş bolduk. Şonda ol şeýle gürrüň berdi:

Bol hasylyň eýesi

Galla — 2023 Bereket etrabynyň «Oboý» daýhan birleşiginiň tejribeli gallaçy kärendeçileriniň biri Amanmämmet Şiriýew bilen özara söhbetdeşligimizde, ol oba hojalygynda gazanýan zähmet üstünlikleriniň Arkadagly Serdarymyzyň pudagy ösdürmek babatdaky yzygiderli aladalarynyň miwesidigini aýratyn nygtady. Daýhanyň belläp geçişi ýaly, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Kuwwatly oba hojalyk tehnikalary hem-de enjamlary yzygiderli satyn alynýar, tohumçylyk işleri kämilleşdirilýär. «Sanasaň, sogaby bar» diýilýän döwletli tutumlaryň ählisi ýer eýelerini öndürijilikli zähmete ruhlandyrýar.

Azaby ýerine düşdi

Welaýatymyzyň Bereket etrabynyň gallaçy daýhanlary hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda baky berkarar döwletimizde uludan toýlanjak mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyny ajaýyp zähmet üstünliklerine beslemek üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Etrabyň beýleki daýhan birleşiklerinde bolşy ýaly, «Türkmenistan» daýhan birleşiginde-de bereket bolçulygynyň seresi bolan altynbaş bugdaý dänelerini yrýa etmän ýygnamak ugrundaky gaýratly hereket gije-gündize parh goýman dowam etdirilýär. Ak bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegi başaran zähmetsöýer daýhanlar galla oragynda guwandyryjy netijelere eýe bolýarlar. Şol gün kärdeşleri, deň-duşlary gallaçy daýhan Nurmyrat Muhamowy hem gazanan oňat netijesi bilen gutladylar. Azapkeş daýhan indi 8 ýyl bäri daýhan birleşiginde bugdaý ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanyp gelýär. Şol geçen ýyllaryň içinde bol galla hasylyny ösdürip ýetişdirmekde ýeterlik tejribe toplady. Däneçilikde peýdanyň ir ekeniň, ýeri öz wagtynda sürüp gurplandyranyň, suw tutmagyň düzgünlerini berk berjaý edeniň, oraga tüýs wagtynda girişeniň tarapyndadygyny ol bu ýyl hem öz tejribesi, işine yhlaslylygy bilen subut etdi. Şeýdibem, irginsiz zähmeti bilen bereketli hasylyň eýesi boldy.

Möhüm işe saldamly goşant

Ýokary öndürijilikli däne orujy kombaýnlaryň alyslara ýaýylyp gidýän bugdaýly meýdanlardan ýygnaýan galla hasylyny haýal etmän, galla kabul ediş bölümlerine daşamakda yhlasyny gaýgyrmaýan sürüjileriň birem «Balkanawtoulag» önümçilik birleşiginiň sürüjisi Ysmaýyl Meretdurdyýewdir. «KamAZ» kysymly ýük awtoulagyna erk edýän işjanly sürüji indi bassyr üç ýyl bäri galla oragyna gatnaşyp gelýär. — Tüweleme, kärendeçi daýhanlarymyz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem azyklyk ak bugdaýyň bereketli hasylyny kemala getiripdirler. Bugdaýly meýdany synlanyňda, gözüň dokunyp, göwnüň galkynýar. Ýetişdirilen galla hasyly — saçaklarymyzyň berekedi. Şonuň üçin hem her ýyl erk edýän awtoulagym bilen galla oragyna ugradylmagymy özüme bildirilýän uly ynam hasap edýärin. Bu ynamy ödemek bolsa, hemişe baş maksadym.

Gallaçy zenanyň üstünligi

Arkadagly Serdarymyzyň ak pata bermeginden ruhlanan welaýatymyzyň gallaçylarynyň köpüsi kärende ýerlerindäki hasyly ýygnap, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý etmegi başardylar. Şeýle daýhanlaryň birem Esenguly etrabynyň «Çaloýuk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ogulbeg Janyýewadyr. Zähmetsöýer zenan indi on ýedi ýyl bäri daýhançylyk bilen meşgullanyp gelýär. Oňa ýüzlenip:

Gant şugundyry: aralyk ekiniň ekişi

Bol hasylyň düýbi tutulýar Ilatyň şeker we ondan öndürilýän azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen şu ýyl güýzlük gant şugundyryny ekmek we ondan ýokary hasyl almak boýunça taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.