Limon baglaryndan bereketli hasyl almagyň möhüm çäreleri

4 Iýul 2023
581

Ýakynda gazetimize Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Erden geňeşliginiň zähmetkeşi, 5-nji orta mekdebiň halypa mugallymy Rozyjuma Rahymow telefon arkaly şeýle sowallar bilen ýüz tutdy: «Biziň geňeşligimizde ýyladyşhana şertlerinde limon agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek däbe öwrüldi. Özüm hususy mellegimde ýyladyşhanada limon ösdürip ýetişdirýärin. Birnäçe ýyldan bäri limon baglaryndan gowy hasyl alýardym. Muňa garamazdan, 2022-nji ýylyň aýaklaryna limon agaçlarym wagtyndan öň ýapraklaryny döküp, soňra hem miwesiniň ownamagyna getirdi. Mümkin bolsa, munuň sebäbi dogrusynda bize ýörite hünärmenler gürrüň beräýse» diýip, haýyş etdi. Biz okyjymyzyň sowallaryna jogap bermek üçin S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň agronomçylyk fakultetiniň ekerançylyk kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Laçyn AHMEDOWA ýüz tutduk. Ol okyjymyzyň sowalyna şeýle jogap berdi:

— Limon agajy ýylylygy we ýagtylygy söýýän ösümliklere degişli we ösüş döwri 200 – 220 gün. Miweleriniň düwünçeginiň emele gelmegi we ösmegi üçin amatly temperatura 17-18 dereje ýylylyk hasaplanýar. Amatly ýylylykda güllemek yzygiderli bolup geçýär. Şonuň üçin bir düýpde gunçalary, gülleri, düwünçegi we bişen miweleri görüp bolýar. Türkmenistanda ýyladyşhana şertlerinde limon adatça ýazda – aprel, maý aýlarynda köpçülikleýin gülleýär.

Taýýarlan Laçyn SAMMAKOWA,
«Bereketli toprak».