Bar getiren baglary bar

28 Iýun 2023
534

Ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu maksatnamada ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen bir hatarda, oba hojalygyny ösdürmäge hem aýratyn orun berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda miweli baglary ösdürip ýetişdirmäge aýratyn üns berilmegi, daýhan hojalyklarynda dürli gök we ter miwe önümleriniň bol hasylynyň öndürilmegi halkymyzyň bereketli saçaklarynyň naz-nygmatdan doly bolmagyny üpjün edýär. Ýurdumyzda bu işleri ýerine ýetirmekde kärendeçi bagbanlara ähli mümkinçilikler döredilýär.

Döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan bagbanlaryň biri-de Şabat etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Yslam Arazmedowdyr. Onuň ýetişdirýän baglaryny synlanyňda göwnüň göterilýär. Yslam aga 25 ýyldan gowrak wagt bäri bagbançylyk bilen meşgullanýar. Onuň 5 gektar ýerinde almanyň, erigiň, üljäniň, garalynyň, şetdalynyň dürli görnüşleri bar. Bu önümler ýurdumyzyň ak bazarlarynyň bezegidir. Hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen miweleri gaýtadan işleýän kärhanalaryň döredilmegi, telekeçileriň şol işlere işjeň gatnaşmagy bazarlarymyzda halkymyza ýetirilýän azyklyk önümleriň ýokary hilli bolmagyny üpjün edýär hem-de daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümleriniň öwezini dolup bilýär.

Abatgylyç NAZAROW,
TKA-nyň Şabat etrap birleşmesiniň başlygy.