Welaýatymyzda bugdaý oragy gyzgalaňly barýar

28 Iýun 2023
435

Belent harmana ynam bar

Şu günler welaýatymyzyň bugdaý meýdanlarynda kemala getirilen hasyly çalt hem-de ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna goşmak ugrundaky işleriň giň gerimde alnyp barylmagynyň netijesinde, gallaçy daýhanlaryň uzak wagtyň dowamynda ene topraga siňdiren yhlasynyň, maňlaý deriniň ýerine düşüp, harmanlarynyň barha belende galmagy hemmeleri guwandyrýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň olara döredýän oňaýly şertleriniň, berýän çäksiz goldawlarynyň ajaýyp miwesi bolup, halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda möhüm ähmiýete eýedir.  Bu babatda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 15,5 müň gektar meýdanda ak bugdaýyň bereketli hasyly ýetişdirilen Görogly etrabynyň çäklerinde amala aşyrylýan işler hem bellenilmäge mynasypdyr. Munda etrabyň «Ýagtylyk» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileriniň saldamly goşantlarynyň bardygyny aýtmak gerek.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».