Daýhana zähmeti abraý getirýär

5 Iýul 2023
342

Galla — 2023

Bereket etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň ekin meýdanlarynda bolup,  alnyp barylýan işler bilen tanşanyňda, bugdaý hasylyndan belent harman döredýän kärendeçileriň arzyly sepgitlerine ýetýändiklerine çäksiz buýsanýarsyň. Bugdaýy orlup, samanlary ýygnalýan giň meýdana nazar aýlaýan kärendeçi daýhan Nurly Gulatarowyň hem öz işinden göwnühoşlugy mesaňa görnüp dur. Ol özüne berkidilen 10 gektar ýerden 400 tonnadan gowrak bugdaý hasylyny alyp, daýhan birleşigi bilen baglaşan şertnamasyny artygy bilen berjaý edipdir. Topraga bagry badaşan kärendeçiniň her gektardan alan hasyly 40 sentnerden geçýär.

Muhammetgylyç Tagangylyjow,
«Balkan».