Erkin zähmet ile döwlet getirýär

28 Iýun 2023
491

Türkmenistan bu gün islendik önümiň bolçulygynyň emele gelen mekany hökmünde tanalýar. Bu bolçulyk ozaly bilen Milli Liderimiziň telekeçiligiň ösmegi üçin yzygiderli aladalanmagy, döwlet tarapyndan hususyýetçilere dürli goldawlaryň berilmegini üpjün etmegi netijesinde gazanyldy. Päk zähmeti bilen baýaýan hem-de durmuşda özleriniň mynasyp orunlaryny tapýan, döwlet tarapyndan uly goldawa eýe bolýan telekeçileriň müňlerçesi erkin zähmete giň ýol açan Milli Liderimize tükeniksiz alkyş aýdýar.

Bu gün telekeçilik işi ösüşleriň ýoluny külterleýär. Telekeçilik bilen meşgullanmak bolsa iň bir hormatly işe öwrüldi. Milli Liderimiziň telekeçiligi ösdürmegiň başky tapgyrlarynda kabul eden «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky» Karary we beýleki möhüm resminamalary hususyýetçilik işini ýola goýmakda, telekeçileri karz serişdeleri bilen üpjün etmekde berk hukuk esasyny döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem telekeçilik işini kämil derejelere göterdi. Telekeçileriň önümçilik, innowasiýa hem-de maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak we olaryň önümçiligi ösdürmek, täze iş ýerlerini döretmek bilen bagly maýa goýum taslamalaryny karz serişdeleri bilen üpjün etmekde giň mümkinçilikler açyldy.

Ilmyrat BERDIÝEW.