Azaby ýerine düşdi

28 Iýun 2023
465

Welaýatymyzyň Bereket etrabynyň gallaçy daýhanlary hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda baky berkarar döwletimizde uludan toýlanjak mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyny ajaýyp zähmet üstünliklerine beslemek üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Etrabyň beýleki daýhan birleşiklerinde bolşy ýaly, «Türkmenistan» daýhan birleşiginde-de bereket bolçulygynyň seresi bolan altynbaş bugdaý dänelerini yrýa etmän ýygnamak ugrundaky gaýratly hereket gije-gündize parh goýman dowam etdirilýär. Ak bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegi başaran zähmetsöýer daýhanlar galla oragynda guwandyryjy netijelere eýe bolýarlar.

Şol gün kärdeşleri, deň-duşlary gallaçy daýhan Nurmyrat Muhamowy hem gazanan oňat netijesi bilen gutladylar. Azapkeş daýhan indi 8 ýyl bäri daýhan birleşiginde bugdaý ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanyp gelýär. Şol geçen ýyllaryň içinde bol galla hasylyny ösdürip ýetişdirmekde ýeterlik tejribe toplady. Däneçilikde peýdanyň ir ekeniň, ýeri öz wagtynda sürüp gurplandyranyň, suw tutmagyň düzgünlerini berk berjaý edeniň, oraga tüýs wagtynda girişeniň tarapyndadygyny ol bu ýyl hem öz tejribesi, işine yhlaslylygy bilen subut etdi. Şeýdibem, irginsiz zähmeti bilen bereketli hasylyň eýesi boldy.

Toýjan MÄMMEDOW.