Möhüm işe saldamly goşant

28 Iýun 2023
431

Ýokary öndürijilikli däne orujy kombaýnlaryň alyslara ýaýylyp gidýän bugdaýly meýdanlardan ýygnaýan galla hasylyny haýal etmän, galla kabul ediş bölümlerine daşamakda yhlasyny gaýgyrmaýan sürüjileriň birem «Balkanawtoulag» önümçilik birleşiginiň sürüjisi Ysmaýyl Meretdurdyýewdir. «KamAZ» kysymly ýük awtoulagyna erk edýän işjanly sürüji indi bassyr üç ýyl bäri galla oragyna gatnaşyp gelýär.

— Tüweleme, kärendeçi daýhanlarymyz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem azyklyk ak bugdaýyň bereketli hasylyny kemala getiripdirler. Bugdaýly meýdany synlanyňda, gözüň dokunyp, göwnüň galkynýar. Ýetişdirilen galla hasyly — saçaklarymyzyň berekedi. Şonuň üçin hem her ýyl erk edýän awtoulagym bilen galla oragyna ugradylmagymy özüme bildirilýän uly ynam hasap edýärin. Bu ynamy ödemek bolsa, hemişe baş maksadym.

(Öz habarçymyz).