Gowaçalar gül açýar

5 Iýul 2023
431

Lebap welaýatynyň günorta etraplarynda gowaçalar köpçülikleýin gülläp başlady. Ony hemmeden öň balçylar duýandyrlar. Olar saklaýan balarylaryny gowaçaly atyzlaryň golaýyna göçürip getirdiler. Bu bolsa iki tarapa-da bähbitli. Daýhanyň ösdürip ýetişdirýän gowaçasy ýokary hilli tozanlanma geçýär, balçy hem gowaça gülüniň şiresinden arassa bal alýar. Şunda gowaçanyň gülleriniň ilki aşaky şahalarda emele gelmegi bal ýygnaýan ary üçin amatly. Sebäbi tomsuň jöwzasy hernäçe ýokary bolsa-da, gowaçanyň aşagyna Günüň şöhlesi düşmänsoň, gülleriň ýerleşýän ýeri salkyn bolýar.

Şu ýyl günorta etraplarda gowaçanyň «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 34», «S — 2606», «F — 123» ýaly sortlarynyň ekilmegi irki hasylyň emele gelmegine şert döredýär. Häzir günsaýyn hasylyň alamatlarynyň köpelmegi gowaçanyň ideginiň ýetikdigini görkezýär. Indiki wezipe ony zyýankeşlerden goramak. Şonuň üçin welaýatyň etraplarynda bar bolan biofabriklerde, biobarlaghanalarda zyýankeşlere garşy ulanylýan möjejikleri öz wagtynda janlandyrmak işi ýola goýuldy. Bu işlere jogapkär hünärmenler daýhanlar bilen gowaçaly meýdanlary gözden geçirýärler. Gowaçalaryň hatar aralary ýumşadylanda, kultiwator güllere zyýan ýetirmez ýaly, olara polietilen haltalar geýdirilýär.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).