Çopanyň ýakyn dosty

4 Iýul 2023
363

Gadymy ýadygärliklerden tapylan tapyndylaryň arasynda itleriň şekilleriniňdir galyndylarynyň bolmagy adamyň ilkinji eldekileşdiren haýwany hasaplanýan itiň biziň topragymyzda örän gadymy döwürlerden bäri idedilip gelýändigini aýtmaga esas döredýär. Munuň subutnamasy hökmünde türkmen alabaýyny we türkmen tazysyny görkezmek bolar.

Il arasynda «alabaý», «çopan iti», «goýun iti» diýlip atlandyrylýan türkmen alabaýy gönüden-göni öý-ojagy we mal-garany goramak, türkmen tazysy bolsa aw awlamak ýaly ýörite maksatlar bilen idedilen gadymy tohum itleridir. Çünki halk seçgiçiligi arkaly ýörite ugurlar boýunça netijeli görkezijilere eýe bolan durnukly tohum malyny gysga döwürde kemala getirmek, soňra ony asyrlarboýy arassa saklamak ýeňil däl bolsa gerek. Bu hakykat türkmen alabaýynyň we tazysynyň diňe bir daşky beden gurluş aýratynlyklarynda däl, eýsem, gylyk-häsiýetlerinde-de aýdyň ýüze çykýar. Bu ýerde olaryň ynsan bilen aragatnaşygy, adam durmuşy bilen sazlaşygy, düşbüligi, kanagatlylygy, kynçylyklara, açlyk-horluga çydamlylygy, wepadarlygy, namysjaňlygy, gaýduwsyzlygy we beýleki ajaýyp häsiýetleri aýratyn bellärliklidir. Mysal üçin, alabaý berlen ýal bilen, tazy hem awdan berlen ülüş bilen kanagat edýärler, olar hiç haçan eýesiniň emlägine ýa-da awlanan awa hyýanat etmeýärler. Çünki müňýyllyklaryň dowamynda ata-babalarymyz seçgiçilikde öý haýwanlarynyň beden gurluşyny kämilleşdirmek bilen bir hatarda, olarda iň gowy gylyk-häsiýetleri kemala getirmek ugrunda-da jepa çekipdirler.

Arslan TÖREKULOW,
TKA-nyň Lebap welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni.