Gyzgalaňly möwsüm

4 Iýul 2023
373

Ak bugdaý etrabynda galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Gallaçy daýhanlarymyzyň sahawatly topraga siňdiren azabynyň ýerine düşýändigine aýry-aýry hojalyklaryň gallaçylarynyň gazanan zähmet üstünlikleri şaýatlyk edýär. Etrabyň «Ak üzüm», «Üzümli toprak» daýhan hojalyklarynyň gallaçylary häzirki jogapkärli möwsümiň öňdebaryjylarydyr. Olar degişlilikde dokmaňyz ak bugdaýyň 300 we 272 tonnadan gowragyny taýýarlap, etrapda ilkinjiler bolup tabşyryga hötde geldiler.

Etrabyň «Bugdaýly» tejribe-tohumçylyk daýhan birleşiginde şertnamalaýyn borçnamalaryna hötde gelýän kärendeçileriň sany günsaýyn artýar. Üstümizdäki ýylda 1300 gektarda guşgursak ak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdiren daýhan birleşigiň kärendeçileriniň arasynda tabşyryga abraý bilen hötde gelenleriň biri-de Çary Annaýewdir. Ol 28 gektar kärende ýeriniň her gektarynyň hasyllylygyny 40 sentnere ýetirdi. Hojalykda onuň zähmet göreldesine eýerýän gallaçylar az däl.

Arslangeldi GYŞYKOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň başlygy.