Bol hasylyň eýesi

28 Iýun 2023
409

Galla — 2023

Bereket etrabynyň «Oboý» daýhan birleşiginiň tejribeli gallaçy kärendeçileriniň biri Amanmämmet Şiriýew bilen özara söhbetdeşligimizde, ol oba hojalygynda gazanýan zähmet üstünlikleriniň Arkadagly Serdarymyzyň pudagy ösdürmek babatdaky yzygiderli aladalarynyň miwesidigini aýratyn nygtady. Daýhanyň belläp geçişi ýaly, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Kuwwatly oba hojalyk tehnikalary hem-de enjamlary yzygiderli satyn alynýar, tohumçylyk işleri kämilleşdirilýär. «Sanasaň, sogaby bar» diýilýän döwletli tutumlaryň ählisi ýer eýelerini öndürijilikli zähmete ruhlandyrýar.

Nury MÄMMEDOW.