"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Möwsüme taýýarlykly geldiler

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen döwründe welaýatymyzyň pagtaçy daýhanlary «ak altynyň» bereketli hasylyny kemala getirmek ugrunda giň gerimli işleri alyp bardylar. Olar özlerine berkidilen meýdanlarda gowaça ekişini, ondan soňraky ideg çärelerini bellenilen möhletlerde, ýokary hilli amala aşyrdylar. Munuň özi gowaçalaryň ykjam ösmegini, bol hasyl toplamagyny üpjün etdi. Şeýlelikde, häzirki döwürde ähli etraplaryň, daýhan birleşikleriniň ekin meýdanlaryndaky bitgin düýplerde birkemsiz açylan ak hanalar hemmeleriň göwünlerini galkyndyrýar. Indiki esasy wezipe bolsa ýetişdirlen bereketli hasyly çalt hem-de ýitgisiz ýygnap almakdan ybarat bolup durýar. Edermen babadaýhanlarymyz bu jogapkärli döwre hem öňünden taýýarlyk gördüler. Olar munuň üçin zerur bolan harman jaýlaryny, atyzlaryň töwereklerini, ýollary doly taýýar etdiler. Şonuň ýaly-da degişli edara-kärhanalarda pagtany bökdençsiz kabul etmek, ýygymda ulanyljak tehnikalary gözden geçirmek, abatlamak babatda işler geçirildi.

Ekişiň depgini ýokarlanýar

Ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişine girişilenine sanlyja gün boldy. Oba hojalygyndaky bu jogapkärli möwsüme Ak bugdaý etrabynda hem oňat taýýarlyklar bilen gelinmegi we guramaçylykly başlanylmagy häzirki günlerde ekişiň depginli alnyp barylmagynyň esasy şertine öwrüldi. Etrabymyzyň daýhan birleşiklerinde we daýhan hojalyklarynda bugdaý ekişi gyzgalaňly alnyp barylýar. Ekişde etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň we daýhan birleşikleriniň ekiji tehnikalary bökdençsiz işledilýär hem-de ýokary hilli tohumlar ulanylýar.

Obasenagat toplumynyň ösdürilmegi — azyk bolçulygynyň möhüm şerti

Oba hojalygy pudagynyň yzygiderli ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda dürli ekerançylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň hasabyna oba hojalyk toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmagy şertlendirýän ägirt uly özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. 11-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda bugdaý ekişiniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmeginiň, daýhanlaryň ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün edilmeginiň, pagta ýygymy möwsüminde oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň doly güýjünde ulanylmagynyň şu günüň möhüm talabydygyny nygtady.

Möwsümleýin oba hojalyk işleri ýokary guramaçylykly geçirilmelidir

11-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Il bähbitli özgertmeler göwünleri galkyndyrýar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmeginde, ösüşleriň täze belentliklerine ýetmeginde, ilatymyzyň zerur oba hojalyk önümleri bilen ýeterlik üpjün edilmeginde, obasenagat toplumynyň işiniň öňe gitmeginde zähmetsöýer babadaýhanlara uly orun degişlidir. Olar daýhan birleşiklerinde hem-de daýhan hojalyklarynda öndürilýän önümleriň bolçulygyny döredýärler, bazarlarymyzyň zerur önümler bilen üpjün edilmegini gazanýarlar. Ýylyň-ýylyna dünýäniň meşhur kompaniýalaryndan traktorlaryň, kombaýnlaryň gelip gowuşmagy zähmetsöýer daýhanlarymyzyň has-da netijeli zähmet çekmegine uly itergi berýär. Gadymy hem-de baý ekerançylyk medeniýeti bolan ýurdumyzyň oba hojalygynda hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýaty bilen durmuşa geçirilýän özgertmeler ene ýere hormat-sarpa bilen garamak, ondan rejeli peýdalanmak ýaly milli däplerimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze mazmun bilen baýlaşýandygyna şaýatlyk edýär. Oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeler halkymyzy örän buýsandyrýar.

Şala göwnejaý ideg edilýär

Lebaply ekerançylar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 10 müň 200 gektar şaly ekilen meýdandan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat edinýärler. Şu günlerde Dänew etrabynyň daýhanlary hem bu azyklyk ekiniň bol hasylyny ýetişdirmek üçin oňa göwnejaý ideg edýärler. Etrabymyzda 2 müň 160 gektar ýere şaly ekildi. Geçen ýyllarda etrabyň ekerançylary şalydan bol hasyl ýetişdirmegiň inçe syrlaryny birkemsiz özleşdirdiler. Hormatly Prezidentimiziň şaly ýaly bereketli ekini ösdürip ýetişdirmekleri üçin giň mümkinçilikleri we ýeňillikleri döredip bermegi daýhanlary ruhubelent zähmet çekmäge höweslendirýär. Biz hem ýakynda olaryň armasyny ýetirmek üçin etrabyň «Aşgabat» daýhan birleşiginde bolduk. Daýhan birleşiginiň başlygy Berdimyrat Ýangibaýew bilen şaly ekilen meýdanlara aýlanyp, ekine gowy idegiň ýola goýlandygyny gördük. Bereketli hasylyň kemala gelýändigini buşlaýan ýaşyl meýdanlary synladygyňça synlasyň gelýär.

Öňdebaryjylar pellehanada

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň ruhy joşguny, uly tutumy ýüreklere egsilmez şatlyk we hyjuw eçilýär. Halkymyzyň her bir toýy mynasyp zähmet sowgady bilen garşylamak däbine eýerip, şu günler oba zähmetkeşleri öz işlerine has-da yhlasly çemeleşýärler. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 9-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi, ýaşulularyň «bismilla» diýip girişmegi bilen welaýatymyzda pagta ýygymyna badalga berildi. Özleri üçin döredilýän giň mümkinçilikden peýdalanýan lebaply pagtaçy kärendeçiler bu möhüm möwsümi üstünlikli jemlemek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Olaryň käbiri bolsa eýýäm döwlete pagta tabşyrmak hakyndaky borçnamalaýyn tabşyryklaryny artygy bilen berjaý etdiler. Olaryň hatarynda Hojambaz etrabynyň «Mekan» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri Enar Jumagulyýewanyň, Läle Baranowanyň, Mergen Döwletowyň atlaryny buýsanç bilen bellemek bolar.

Gyzylgumda gyzgalaňly günler

Welaýatymyzyň maldarlary öri meýdanlarynda dowarlaryň güýzki gyrkymyny guramaçylykly tamamladylar. Maldarçylyk hojalyklarynyň bäşisinde dowarlaryň 196 müň 410 sanysy idedilýär. Olardan 189 müň 268 kilogram ýüň öndürmek meýilleşdirildi. Bu iş Hojambaz etrabynyň «Tallymerjen» maldarçylyk hojalygynyň öri meýdanlarynda hem göwnejaý guraldy. Maldarçylyk hojalygynyň tohumçylyk boýunça zootehnigi Hanjar Ýarow maldarlaryň güýz gyrkymyny üstünlikli geçirendiklerini aýdýar.

Her gektardan 50 tonna

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda oba hojalygy hem yzygiderli ösdürilýär. Bu pudaga häzirkizaman tejribeleriniň we innowasion tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy halkymyzyň gadymdan gelýän daýhançylyk däpleriniň täzeçe röwüşde ösmegine getirdi. Döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikleriň gurşawynda welaýatymyzda-da ekerançylyk bilen meşgullanýan daýhanlaryň sany ýylsaýyn artýar. Çärjew etrabynyň Amyderýa geňeşliginiň Zähmetkeş obasynyň ýaşaýjysy Allanazar Kadyrow hem indi birnäçe ýyldan bäri sogan ekip, ondan bol hasyl alyp gelýär. Bu zähmetkeş daýhan şu ýyl hem Hojambaz etrabynyň çägindäki tarp ýerlerden daýhan hojalygyna bölünip berlen 3 gektar ýerinde soganyň bol hasylyny kemala getirdi. Şu güne çenli 100 tonna golaý hasyl ýygnan Allanazaryň azaby ýerine düşdi. Her gektardan, ortaça, 50 tonna hasyl almagyň hötdesinden gelen daýhanyň soganly meýdanynda entek ýygnalmadyk hasyl hem ep-esli bar. Bu ekini ýetişdirmegiň inçe syrlary hakynda daýhan şeýle gürrüň berýär:

Welaýatymyzda bugdaý ekişi gyzgalaňly dowam edýär

Yhlasly zähmet — üstünligiň açary Welaýatymyzyň zähmetsöýer gallaçylary hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bugdaý ekişine badalga berlen gününden bu möhüm çäräniň depginini ýokarlandyrdylar. Şeýlelikde, ähli etraplaryň çäklerinde ene topraga bereket tohumyny öz wagtynda, talabalaýyk atmak ugrunda amala aşyrylýan işler oňat netijeleri berýär. Munuň özi geljek ýylyň bol galla hasylynyň düýbüniň ykjam tutulmagyna mümkinçilik döredýär.

Bir etrapdan iki habar

Ýokary depginde Häzirki döwürde bugdaý ekişi Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Munuň şeýledigini etrabyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileriniň iş depginlerinden hem görmek bolýar. Olar şu möwsümde 1400 gektar meýdana bugdaý tohumyny ekmegi maksat edinip, ähli güýçlerini şu ugra gönükdirdiler. Şunlukda, zähmetsöýer gallaçylar etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň hem-de daýhan birleşiginiň jemi 6 sany kuwwatly traktorlarynyň güýjünden peýdalanyp, her günde 15 — 20 gektar ýerde ekiş geçirmegiň hötdesinden gelýärler. Bu işde tejribeli mehanizatorlardan Sapardurdy Täçmedow, Şanur Aşyrow, Aman Uzakbaýew, Döwletgeldi Altyýew we beýlekiler gaýratlylyk görkezýärler. Ekişiň öndürijilikli alnyp barylmagynyň netijesinde, şu mahala çenli Parahat Işangulyýewiň, Döwletmyrat Annaýewiň, Nurýagdy Gurbangylyjowyň, Meretdurdy Amanowyň we başga-da ençeme gallaçy kärendeçileriň ekin meýdanlarynda bu derwaýys çäre ýokary hilli amala aşyryldy.

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

Kesbiňize bereket, edermen babadaýhanlar! Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Diýarymyz günsaýyn ösýär, özgerýär. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlary bilen birlikde oba hojalygy hem belent sepgitleri eýeleýär. Arkadagly Serdarymyzyň bu ugurda amala aşyrýan işleriniň netijesinde oba zähmetkeşleri ekinlerden bol hasyl alyp, uly üstünliklere eýe bolýarlar. Ýer eýeleri pagtadyr bugdaýyň gök-önümleriň bol hasylyny ýetişdirip, ýylyň-ýylyna ýokary netijeleri görkezýärler.

Pagta — 2023

Päk zähmet — guwandyryjy netije Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmekde, bu pudakda zähmet çekmek üçin amatly şertleri döretmekde taýsyz tagallalar edilýär. Döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan ýer eýeleri topraga hyzmat edip, ýokary netijeleri gazanmak bilen Watanymyzyň ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşýarlar.

Öňdebaryjy pagtaçylar höweslendirilýär

Pagta—gymmatly baýlyk. Ony öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap almak möhüm wezipedir. Şoňa görä-de, daýhanlarymyzyň arly ýyl yhlas siňdirip ýetişdiren hasylyny guramaçylykly ýygnap almaga we harmana daşamaga gatnaşýan zähmetkeşleri höweslendirmek maksady bilen Ak bugdaý etrabynda birnäçe çäreler geçirilýär. Pagtaçylaryň arasynda guralýan zähmet bäsleşikleri hem bu babatda agzalmaga mynasypdyr. Etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan möwsümiň dowamynda ýygyma gatnaşýan ýygymçylary, kombaýnlaryň mehanizatorlaryny, hasyly harmana daşamaga gatnaşýan ulaglaryň sürüjilerini hem-de pagtaçy kärendeçileri höweslendirmek maksat edinilýär. Meýdan düşelgelerinde guraljak aýdym-sazly medeni dynç alyş dabaralaryň barşynda öňdebaryjylara ýörite sowgatlar gowşurylar. Munuň özi bolsa, olary zähmet üstünliklerine ruhlandyrjakdygyna ynanýarys.

Güýzki möwsümleýin işleriň gerimi giňeýär

11-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow çykyş edip, alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.

Ulus-iliň soltany sen, ak bugdaý, Ýurdumyzyň baýlygy sen, «ak altyn»!

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 6-njy sentýabrynda tutuş ýurdumyz boýunça güýzlük bugdaýyň ekilişine dabara bilen badalga berildi. Pederlerimiz «Çarşenbe güni çar tarapa» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Ynha, sähetli güni säher bilen Arkadagly Serdarymyzdan ak pata alan aksakgal ýaşulularymyzdyr kärendeçi daýhanlarymyz ozaldan taýýarlanylyp goýlan meýdanlarda «Bismilla» bilen güýzlük bugdaýyň ekişine girişdiler. Güýzlük bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Halal zähmet uçguny» daýhan hojalygynda, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň «Arkaç», Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň «Türkmenistan», Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Watan», Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Zarpçy» daýhan birleşiklerinde welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, il sylagly ýaşulularyň gatnaşmaklarynda badalga berliş dabaralary geçirildi.

Güýzlük bugdaý ekişi we pagta ýygymy dili senaly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen badalga aldy

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýatymyzyň edermen babadaýhanlary özleri üçin döredilýän giň şertlerdir mümkinçiliklerden, berilýän goldaw-hemaýatlardan netijeli peýdalanyp, yhlas bilen tutanýerli zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde 6-njy sentýabrda güýzlük bugdaý ekişine, 9-njy sentýabrda bolsa, pagta ýygymyna il sylagly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen toý ruhunda, guramaçylykly girişilmegi babadaýhanlarymyzyň göwnüni galkyndyryp, olary belent zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Welaýatymyzda oba hojalygyndaky jogapkärli möwsümlere — geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine we pagta ýygymyna ählitaraplaýyn taýýarlykly girişilendigini aýratyn bellemek gerek. Bugdaý ekişiniň geçiriljek meýdanlary öňünden bu işe göwnejaý taýýarlandy. Arassa hilli tohumyň we ekiji tehnikalaryň taýýarlygyna turuwbaşdan ähmiýet berildi. Bu bolsa, güýzlük bugdaý ekişini agrotehniki möhletde başlan daýhanlarymyza bu işi depginli alyp barmaga şert döredýär.

Bulary bilýärmisiňiz?

Türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň içinde haýwan atlary bilen baglanyşykly gelýänleriniň iň köpüsi itiň ady bilen baglanyşyklydyrlar. Muňa itburun, itgöjele, itgyzgan, itýorunja, ittürşek, itüzüm ýaly ösümlikleri mysal getirip bolar. * * *

Kanadada azyklyk lýupinlerde tejribe geçirilýär

Lýupinler kösükliler maşgalasyna degişli ösümlikleriň hataryna girýär. Ony, köplenç, gülçülikde ösdürýärler. Günbatar Kanadada düzüminde belogy agdyklyk edýän kösükliler maşgalasyna degişli bolan ösümliklere islegiň artmagy bilen, Roblin şäherinden uzakda bolmadyk Westman oba hojalyk önümleriniň diwersifikasiýa merkezinde lýupinler bilen bagly tejribe işleri geçirilýär. Şu ýyl bu merkezde Manitobanyň kösükli-däneli medeni ösümlikler boýunça hünärmeni Dennis Lange tarapyndan lýupin ösümliginiň iki görnüşinde tejribe geçirildi. Olaryň biri mawy, beýlekisi süýji tagamly ak görnüşidir. Lange daýhanlaryň lýupinden bol hasyl alýandyklaryny synlap, ony içgin öwrenmäge girişdi. Lýupin we beýleki kösükliler maşgalasyna degişli ösümlikleriň azoty uýgunlaşdyryp, düzümlerinde belogy artdyrmaga bolan ukyplary bar. «Lýupin düzüminde belogy has artyk saklaýan kösükli ösümlikdir. Ol 36 göterime barabardyr. Nohudyň düzüminde 26 göterim belok bar, şonuň üçin hem ilat tarapyndan lýupin ösümligine bolan isleg artýar» — diýip, hünärmen belläp geçýär.

Möwsüme taýýarlykly geldik

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesi tarapyndan pagta ýygymyna girişilmegi mynasybetli zähmet bäsleşikleri yglan edildi. Işlenilip taýýarlanylan düzgünnamalara laýyklykda möhüm oba hojalyk möwsüminiň dowamynda beýlekilerden tapawutlanyp, has ýokary netije gazanan kärendeçiler we mehanizatorlar birleşmämiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanylýar. Olary işe höweslendirmek üçin 10 günlük bäsleşikleriň hem yglan edilendigini aýtmak gerek. Bu bolsa kärendeçileriň we mehanizatorlaryň arasynda bäsdeşlik ruhuny artdyrýar. Şu ýyl welaýatymyzyň beýleki etraplarynda bolşy ýaly, etrabymyzda hem «ak altynyň» bol hasyly ýetişdirildi. Öz işine ussat, tejribeli daýhanlarymyzyň ene topraga bolan söýgüsinden hem-de çäksiz yhlasyndan kemala gelen hasylyň ýekeje übtügini hem yrýa etmän, ýygnap almak üçin möhüm möwsüme taýýarlykly gelindi. Bu işe ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň ýerli wekilleri hem mynasyp goşant goşýarlar. Häzirki günlerde etrap häkimligi, medeniýet bölümi bilen medeni maksatnamany hem işläp düzüp, günorta arakesmelerinde görnükli sungat işgärleriniň konsertini guramagy meýilleşdirýäris.