Güýzlük bugdaý ekişi we pagta ýygymy dili senaly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen badalga aldy

12 Sentýabr 2023
587

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýatymyzyň edermen babadaýhanlary özleri üçin döredilýän giň şertlerdir mümkinçiliklerden, berilýän goldaw-hemaýatlardan netijeli peýdalanyp, yhlas bilen tutanýerli zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde 6-njy sentýabrda güýzlük bugdaý ekişine, 9-njy sentýabrda bolsa, pagta ýygymyna il sylagly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen toý ruhunda, guramaçylykly girişilmegi babadaýhanlarymyzyň göwnüni galkyndyryp, olary belent zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.

Welaýatymyzda oba hojalygyndaky jogapkärli möwsümlere — geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine we pagta ýygymyna ählitaraplaýyn taýýarlykly girişilendigini aýratyn bellemek gerek. Bugdaý ekişiniň geçiriljek meýdanlary öňünden bu işe göwnejaý taýýarlandy. Arassa hilli tohumyň we ekiji tehnikalaryň taýýarlygyna turuwbaşdan ähmiýet berildi. Bu bolsa, güýzlük bugdaý ekişini agrotehniki möhletde başlan daýhanlarymyza bu işi depginli alyp barmaga şert döredýär.

Aýdo ŞEKEROW,
«Ahal durmuşy».