Möwsüme taýýarlykly geldik

12 Sentýabr 2023
411

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesi tarapyndan pagta ýygymyna girişilmegi mynasybetli zähmet bäsleşikleri yglan edildi. Işlenilip taýýarlanylan düzgünnamalara laýyklykda möhüm oba hojalyk möwsüminiň dowamynda beýlekilerden tapawutlanyp, has ýokary netije gazanan kärendeçiler we mehanizatorlar birleşmämiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanylýar. Olary işe höweslendirmek üçin 10 günlük bäsleşikleriň hem yglan edilendigini aýtmak gerek. Bu bolsa kärendeçileriň we mehanizatorlaryň arasynda bäsdeşlik ruhuny artdyrýar.

Şu ýyl welaýatymyzyň beýleki etraplarynda bolşy ýaly, etrabymyzda hem «ak altynyň» bol hasyly ýetişdirildi. Öz işine ussat, tejribeli daýhanlarymyzyň ene topraga bolan söýgüsinden hem-de çäksiz yhlasyndan kemala gelen hasylyň ýekeje übtügini hem yrýa etmän, ýygnap almak üçin möhüm möwsüme taýýarlykly gelindi. Bu işe ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň ýerli wekilleri hem mynasyp goşant goşýarlar. Häzirki günlerde etrap häkimligi, medeniýet bölümi bilen medeni maksatnamany hem işläp düzüp, günorta arakesmelerinde görnükli sungat işgärleriniň konsertini guramagy meýilleşdirýäris.

Orunaý BABAKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.