Ekişiň depgini ýokarlanýar

14 Sentýabr 2023
469

Ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişine girişilenine sanlyja gün boldy. Oba hojalygyndaky bu jogapkärli möwsüme Ak bugdaý etrabynda hem oňat taýýarlyklar bilen gelinmegi we guramaçylykly başlanylmagy häzirki günlerde ekişiň depginli alnyp barylmagynyň esasy şertine öwrüldi.

Etrabymyzyň daýhan birleşiklerinde we daýhan hojalyklarynda bugdaý ekişi gyzgalaňly alnyp barylýar. Ekişde etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň we daýhan birleşikleriniň ekiji tehnikalary bökdençsiz işledilýär hem-de ýokary hilli tohumlar ulanylýar.

Şirin BEKMURADOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň işgäri.