Her gektardan 50 tonna

13 Sentýabr 2023
417

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda oba hojalygy hem yzygiderli ösdürilýär. Bu pudaga häzirkizaman tejribeleriniň we innowasion tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy halkymyzyň gadymdan gelýän daýhançylyk däpleriniň täzeçe röwüşde ösmegine getirdi. Döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikleriň gurşawynda welaýatymyzda-da ekerançylyk bilen meşgullanýan daýhanlaryň sany ýylsaýyn artýar.

Çärjew etrabynyň Amyderýa geňeşliginiň Zähmetkeş obasynyň ýaşaýjysy Allanazar Kadyrow hem indi birnäçe ýyldan bäri sogan ekip, ondan bol hasyl alyp gelýär. Bu zähmetkeş daýhan şu ýyl hem Hojambaz etrabynyň çägindäki tarp ýerlerden daýhan hojalygyna bölünip berlen 3 gektar ýerinde soganyň bol hasylyny kemala getirdi. Şu güne çenli 100 tonna golaý hasyl ýygnan Allanazaryň azaby ýerine düşdi. Her gektardan, ortaça, 50 tonna hasyl almagyň hötdesinden gelen daýhanyň soganly meýdanynda entek ýygnalmadyk hasyl hem ep-esli bar. Bu ekini ýetişdirmegiň inçe syrlary hakynda daýhan şeýle gürrüň berýär:

Dursunaý KURBANKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesiniň hünärmeni.