Öňdebaryjylar pellehanada

13 Sentýabr 2023
663

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň ruhy joşguny, uly tutumy ýüreklere egsilmez şatlyk we hyjuw eçilýär. Halkymyzyň her bir toýy mynasyp zähmet sowgady bilen garşylamak däbine eýerip, şu günler oba zähmetkeşleri öz işlerine has-da yhlasly çemeleşýärler.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 9-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi, ýaşulularyň «bismilla» diýip girişmegi bilen welaýatymyzda pagta ýygymyna badalga berildi. Özleri üçin döredilýän giň mümkinçilikden peýdalanýan lebaply pagtaçy kärendeçiler bu möhüm möwsümi üstünlikli jemlemek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Olaryň käbiri bolsa eýýäm döwlete pagta tabşyrmak hakyndaky borçnamalaýyn tabşyryklaryny artygy bilen berjaý etdiler. Olaryň hatarynda Hojambaz etrabynyň «Mekan» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri Enar Jumagulyýewanyň, Läle Baranowanyň, Mergen Döwletowyň atlaryny buýsanç bilen bellemek bolar.

Sähetmyrat JORAÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Hojambaz etrap birleşmesiniň başlygy.