Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

13 Sentýabr 2023
578

Kesbiňize bereket, edermen babadaýhanlar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Diýarymyz günsaýyn ösýär, özgerýär. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlary bilen birlikde oba hojalygy hem belent sepgitleri eýeleýär. Arkadagly Serdarymyzyň bu ugurda amala aşyrýan işleriniň netijesinde oba zähmetkeşleri ekinlerden bol hasyl alyp, uly üstünliklere eýe bolýarlar. Ýer eýeleri pagtadyr bugdaýyň gök-önümleriň bol hasylyny ýetişdirip, ýylyň-ýylyna ýokary netijeleri görkezýärler.