Möwsüme taýýarlykly geldiler

14 Sentýabr 2023
447

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen döwründe welaýatymyzyň pagtaçy daýhanlary «ak altynyň» bereketli hasylyny kemala getirmek ugrunda giň gerimli işleri alyp bardylar. Olar özlerine berkidilen meýdanlarda gowaça ekişini, ondan soňraky ideg çärelerini bellenilen möhletlerde, ýokary hilli amala aşyrdylar. Munuň özi gowaçalaryň ykjam ösmegini, bol hasyl toplamagyny üpjün etdi.

Şeýlelikde, häzirki döwürde ähli etraplaryň, daýhan birleşikleriniň ekin meýdanlaryndaky bitgin düýplerde birkemsiz açylan ak hanalar hemmeleriň göwünlerini galkyndyrýar. Indiki esasy wezipe bolsa ýetişdirlen bereketli hasyly çalt hem-de ýitgisiz ýygnap almakdan ybarat bolup durýar. Edermen babadaýhanlarymyz bu jogapkärli döwre hem öňünden taýýarlyk gördüler. Olar munuň üçin zerur bolan harman jaýlaryny, atyzlaryň töwereklerini, ýollary doly taýýar etdiler. Şonuň ýaly-da degişli edara-kärhanalarda pagtany bökdençsiz kabul etmek, ýygymda ulanyljak tehnikalary gözden geçirmek, abatlamak babatda işler geçirildi.

Ýörite habarçymyz.