Öňdebaryjy pagtaçylar höweslendirilýär

13 Sentýabr 2023
583

Pagta—gymmatly baýlyk. Ony öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap almak möhüm wezipedir. Şoňa görä-de, daýhanlarymyzyň arly ýyl yhlas siňdirip ýetişdiren hasylyny guramaçylykly ýygnap almaga we harmana daşamaga gatnaşýan zähmetkeşleri höweslendirmek maksady bilen Ak bugdaý etrabynda birnäçe çäreler geçirilýär. Pagtaçylaryň arasynda guralýan zähmet bäsleşikleri hem bu babatda agzalmaga mynasypdyr.

Etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan möwsümiň dowamynda ýygyma gatnaşýan ýygymçylary, kombaýnlaryň mehanizatorlaryny, hasyly harmana daşamaga gatnaşýan ulaglaryň sürüjilerini hem-de pagtaçy kärendeçileri höweslendirmek maksat edinilýär. Meýdan düşelgelerinde guraljak aýdym-sazly medeni dynç alyş dabaralaryň barşynda öňdebaryjylara ýörite sowgatlar gowşurylar. Munuň özi bolsa, olary zähmet üstünliklerine ruhlandyrjakdygyna ynanýarys.

Ogulgerek GANDYMOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň statisti.