Kanadada azyklyk lýupinlerde tejribe geçirilýär

12 Sentýabr 2023
485

Lýupinler kösükliler maşgalasyna degişli ösümlikleriň hataryna girýär. Ony, köplenç, gülçülikde ösdürýärler. Günbatar Kanadada düzüminde belogy agdyklyk edýän kösükliler maşgalasyna degişli bolan ösümliklere islegiň artmagy bilen, Roblin şäherinden uzakda bolmadyk Westman oba hojalyk önümleriniň diwersifikasiýa merkezinde lýupinler bilen bagly tejribe işleri geçirilýär. Şu ýyl bu merkezde Manitobanyň kösükli-däneli medeni ösümlikler boýunça hünärmeni Dennis Lange tarapyndan lýupin ösümliginiň iki görnüşinde tejribe geçirildi. Olaryň biri mawy, beýlekisi süýji tagamly ak görnüşidir.

Lange daýhanlaryň lýupinden bol hasyl alýandyklaryny synlap, ony içgin öwrenmäge girişdi. Lýupin we beýleki kösükliler maşgalasyna degişli ösümlikleriň azoty uýgunlaşdyryp, düzümlerinde belogy artdyrmaga bolan ukyplary bar. «Lýupin düzüminde belogy has artyk saklaýan kösükli ösümlikdir. Ol 36 göterime barabardyr. Nohudyň düzüminde 26 göterim belok bar, şonuň üçin hem ilat tarapyndan lýupin ösümligine bolan isleg artýar» — diýip, hünärmen belläp geçýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Merdan HYDYROW,
Gökdepe etrabyndaky «Gökdepe» milli muzeýiniň direktory.