Şala göwnejaý ideg edilýär

13 Sentýabr 2023
649

Lebaply ekerançylar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 10 müň 200 gektar şaly ekilen meýdandan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat edinýärler. Şu günlerde Dänew etrabynyň daýhanlary hem bu azyklyk ekiniň bol hasylyny ýetişdirmek üçin oňa göwnejaý ideg edýärler.

Etrabymyzda 2 müň 160 gektar ýere şaly ekildi. Geçen ýyllarda etrabyň ekerançylary şalydan bol hasyl ýetişdirmegiň inçe syrlaryny birkemsiz özleşdirdiler. Hormatly Prezidentimiziň şaly ýaly bereketli ekini ösdürip ýetişdirmekleri üçin giň mümkinçilikleri we ýeňillikleri döredip bermegi daýhanlary ruhubelent zähmet çekmäge höweslendirýär. Biz hem ýakynda olaryň armasyny ýetirmek üçin etrabyň «Aşgabat» daýhan birleşiginde bolduk. Daýhan birleşiginiň başlygy Berdimyrat Ýangibaýew bilen şaly ekilen meýdanlara aýlanyp, ekine gowy idegiň ýola goýlandygyny gördük. Bereketli hasylyň kemala gelýändigini buşlaýan ýaşyl meýdanlary synladygyňça synlasyň gelýär.

Sabyr RAHMATULLAÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň başlygy.