Ulus-iliň soltany sen, ak bugdaý, Ýurdumyzyň baýlygy sen, «ak altyn»!

12 Sentýabr 2023
415

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 6-njy sentýabrynda tutuş ýurdumyz boýunça güýzlük bugdaýyň ekilişine dabara bilen badalga berildi. Pederlerimiz «Çarşenbe güni çar tarapa» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Ynha, sähetli güni säher bilen Arkadagly Serdarymyzdan ak pata alan aksakgal ýaşulularymyzdyr kärendeçi daýhanlarymyz ozaldan taýýarlanylyp goýlan meýdanlarda «Bismilla» bilen güýzlük bugdaýyň ekişine girişdiler.

Güýzlük bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Halal zähmet uçguny» daýhan hojalygynda, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň «Arkaç», Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň «Türkmenistan», Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Watan», Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Zarpçy» daýhan birleşiklerinde welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, il sylagly ýaşulularyň gatnaşmaklarynda badalga berliş dabaralary geçirildi.

Ýazga geçirenler Laçyn SAMMAKOWA, Saparmyrat HAKMYRADOW, Allaberdi SAPARGELDIÝEW, Jennet RAIMBAÝEWA,
«Bereketli toprak».