"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Kuwwatly traktorlaryň täze tapgyry

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde, onuň tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar. Şeýlelikde, her ýyl dünýäniň dürli ýurtlarynyň meşhur kompaniýalary tarapyndan öndürilen kuwwatly traktorlaryň, olaryň iş gurallarynyň, ýokary tehnologiýaly oba hojalyk enjamlarynyň uly toplumlary yzygiderli satyn alnyp, degişli edara-kärhanalara berkidilýär. Bu bolsa dürli görnüşli ekinleriň bereketli hasylynyň ýetişdirilmegine uly ýardam berýär. Golaýda welaýatymyzyň Oba hojalyk önümçilik birleşigine sürüm traktorlarynyň 67 sanysynyň gelip gowuşmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Bu traktorlar ýokary öndürijilikli peýdalanmaga giň mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar. Şonuň ýaly-da, olaryň mehanizatorlar üçin oňaýly şertler, işiň hiliniň oňat bolmagyna gözegçilik etmeklige kömek berýän enjamlar we beýleki serişdeler bilen üpjünçiligi kämil derejede. Önümçilik birleşiginiň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, bu traktorlar öňde duran sürüm möwsüminde giňden ulanylar.

Möwsüme ykjam taýýarlyk

Tehnikalaryň öz wagtynda gözden geçirilip, talabalaýyk abatlanylmagynyň öňde duran möwsümlerde derwaýys çäreleriň bökdençsiz alnyp barylmagynda möhüm ähmiýeti bar. Şoňa görä-de, welaýatymyzyň degişli edara-kärhanalarynda bu babatdaky taýýarlyk işlerine aýratyn üns berilýär. Munuň şeýledigini welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Görogly etrabyndaky tehniki hyzmat ediş kärhanasynda amala aşyrylýan çäreleriň mysalynda-da görmek mümkin. — Belli bolşy ýaly, etrabymyzda hem meýdanlardaky pagta hasylynyň soňky hanasyna çenli ýygnalyp alynmagy bilen, täze ýylyň gowaça ekişine taýýarlyk işlerine giň gerim berilýär — diýip, kärhananyň baş inženeri Derýaguly Öwlüýägulyýew bu ýerde bolanymyzda aýtdy: — Bu bolsa, esasan, tehnikalaryň taýýarlygy bilen baglanyşyklydyr. Sebäbi ýerlerde sürüm, tekizleme ýaly güýz-gyş çäreleriniň bellenilen möhletinde geçirilmeginde olaryň güýjüne daýanylýar. Şoňa görä-de, biziň kärhanamyzda-da öňde duran möwsüme ykjam taýýarlyk görülýär.

Toýlar toýa ulaşdy

Ýurdumyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi 12-nji noýabrda ýurdumyzda türkmen ekerançylarynyň zehinini we zähmetsöýerligini, mähriban topragymyzyň egsilmez sahawatyny alamatlandyrýan Hasyl toýy giňden bellenildi. Baýramçylygyň öňüsyrasynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça şu ýylda iň ýokary görkezijileri gazanan oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasy geçirildi.

Tijen, pagtaçy, tijen!

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde eden taryhy çykyşynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň çalt depginlerde ösýändigini nygtamak bilen, pudakda geçirilýän düýpli özgertmeleriň ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň möçberini we eksportyny artdyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilendigine ünsümizi çekdi. Hut şu alnyp barylýan işleriň netijesinde ýurdumyzyň gallaçy babadaýhanlary gallanyň bol hasylyny kemala getirip, azyk bolçulygyny döretmäge saldamly goşant goşdular. Häzirki günlerde pagtaçy daýhanlaryň alyp barýan işlerine, gazanýan zähmet üstünliklerine dahylly bolmak «ak altyndan» dag döredýän bu zähmet gahrymanlaryna bolan sylag-sarpaňy bir gez belende göterýär. Altyn güýzüň jüýje sanaşylýan günleri paýawlap barýar. Şeýle bolansoň ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň işgärleriniň aladasy ýetik. Ene toprak bilen bagry badaşan babadaýhanlarymyz pagta hasylyny isripsiz ýygnamagyň aladasynda. Welaýat merkezinden ýurdumyzyň gündogar künjegine sary myçyp barýan ýeňil awtoulagyň içinden bu görnüşleri synlamagyň özboluşly lezzeti bar. Ine, uzak gözýetimde dagyň bölegi ýaly bolup göze kaklyşýan tehnikalar yzynda çalaja tozan galdyryp, müňzeşip ýörler. Olara ýakynlaşdygymyzsaýy barha bat alýan zähmet joşgunynyň şaýady bolýarys. Ýygymyň gidişinden, hasylyň isripsiz ýygnalyşyndan göwnühoşlugy pagta

«Ak altyndan» bagt tapdym

Gülçehra BABANAZAROWA,Çärjew etrabynyň «Dostluk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi: — Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmeklige aýratyn uly üns berilýär. Döwletimiz tarapyndan kärendeçiler we oba hojalyk önümlerini öndürijiler zerur tehnikalar, dökünler, tohum bilen yzygiderli üpjün edilýär. Häzirkizaman kombaýnlar, ekiş gurallary daýhanlaryň daýanjy bolmak bilen işlerini görnetin ýeňilleşdirýär. Döredilýän bu mümkinçilikler bizi ene ýere yhlasymyzy, maňlaý derimizi siňdirip, bol hasyl ýetişdirmeklige ruhlandyrýar. Zähmetde tapawutlanan kärendeçilere ýylyň-ýylyna hormatly atlaryň dakylmagy, döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy biz — babadaýhanlary diýseň buýsandyrýar. Maňa-da şu ýyl Hasyl toýunyň bellenilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna eýe bolmak bagty miýesser etdi. Muňa maşgalamyz, tutuş dogan-garyndaşlarymyz, obadaşlarymyz bilen örän begendik.

Daýhan rysgyna rysk goşulýar

Şu günlerde altyn güýzüň eçilýän baýlygyny ýygnamagyň özi aýratyn bir lezzet berýär. Daýhan üçin öz göwün islän hasylyny ýygnamak uly bir şatlyk getirýär. Ol şonda ýadawlyk hem duýmaýar. Çärjew etrabynyň «Jeýhun» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri üçin hem altyn güýz şatlyk baryny eçildi. Daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň 370-siniň 300-e golaýy şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen berjaý etdiler. Kärendeçiler toparlarynyň 17-sinden 8-si möwsümiň ilkinji günlerinde diýen ýaly şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendiklerini buşlady. Galan toparlaryň hem aglabasy pellehana golaýlaşýar. «Ak altynly» meýdanlarda bolsa hasyl heniz ýeterli. Daýhan birleşiginiň başlygy Rozumbaý Joraýew kärendeçileriň ýetişdirilen bol hasyly öz wagtynda ýygnamak, göz öňünde tutulan pellä ýetmek ugrunda yhlasly zähmet çekýändikleri barada guwanç bilen gürrüň berýär. Şu ýyl daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanlarynyň 1184 gektarynda gowaçanyň bol hasyly ýetişdirildi. Şonça meýdandan 3817 tonna «ak altyny» ýygnamak meýilleşdirildi. Daýhan birleşiginiň baş ykdysatçysy Şatlyk Rustamow meýilleşdirilen hasylyň agramly böleginiň ýygnalandygyny aýdýar. Şu oba hojalyk ýylynda gowaçanyň «Ýolöten-7» ýaly hasyl berijiligi ýokary bolan görnüşiniň ekilmegi garaşylýan tamany ödedi. Welaýatymyzda pagta ýygymyna badalga berleninden bäri ýygnalan hasylyň mukdary 3100 tonnadan geçdi. Kärendeçiler topa

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

Öndürijilikli işe goşandymyz Şu günler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bereketli pagta hasylyny isrip etmän ýygnamakda pellerde zähmet joşýar. Edermen pagtaçylarymyzyň janaýamazakly zähmetinden kemala gelen “ak altynyň” bol hasylyny ýygnamakda etrabymyzyň pagta meýdanlarynda iş gyzgalaňly alnyp barylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daýhanlara berýän goldaw-ýardamyndan ruhlanýan pagtaçylar Watanyň pagta harmanynyň beýgelmegine saldamly goşantlaryny goşýarlar.

Yhlasly ideg — göwnejaý netije

Garagum etrabynyň «Garagum kanaly» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri şu günler täze ýylyň hasyly üçin ekilen bugdaýly ýerlerde ideg işini uly depgin bilen alyp barýarlar. Hojalygyň kärendeçileri islendik ekinde bolşy ýaly, bugdaýdan bereketli hasyl almagyň kepiliniň yhlasly zähmetdigine oňat düşünýärler. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda daýhan birleşiginiň kärendeçileri 4100 gektar ýerde ýokary hilli ekiş geçirip, güýzlük bugdaýdan kadaly gögeriş aldylar. Olar gök maýsalary «Dökün bolmasa ekin bolmaz» diýlenine eýrip, mineral dökünler bilen iýmitlendirip, wagtly-wagtyna suwaryp, bol hasyl ugrunda aladalanýarlar. Hojalygyň ak ekinli meýdanlaryna kärendeçileriň 1125-si eýelik edýär. Ak ekin eýeleri meýilnama boýunça täze hasyldan 8979 tonna däne taýýarlamak üçin tutanýerli zähmet çekýärler.

Bagbanyň bol hasylly baglary

Ýykylsaň ýere ýapyş. Ata-babalarymyzyň köp synaglardan geçip döreden bu aýtgysy topraga yhlas etseň, onuň rysgal-berekedini sahylyk bilen eçilýändigi baradaky pähim-parasada ýugrulan öwüt-ündewdir. Hakykatdan hem örküni toprak bilen baglap, alyn derini döküp, oňa hyzmat edýän her bir adam ýerden döwlet tapýar.

Yhlasly zähmetiň netijesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalygyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk işgärlerine döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri netijesinde, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň pagta ýygymy möwsümi hem üstünliklere beslenýär. Şabat etrabynyň Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň öňdebaryjy kärendeçileri hem pagta ýygnamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda dolmagy başardy. Paýdarlar jemgyýeti boýunça şu ýyl 7300 gektar ýerde gowaça ekilip, şonça ýerden «ak altynyň» bol hasyly alyndy. Möwsümiň dowamynda 45 kombaýnyň güýjünden peýdalanyldy. Watan harmanyna 14698 tonna pagta tabşyrylyp, meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Paýdarlar jemgyýetiniň her bir agzasy şeýle ýokary netijeleriň gazanylmagy üçin ähli şertleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.

Är gaýraty, ýer berekedi bilen...

Öňküler aýtmyşlaýyn, är gaýraty, ýer berekedi bilen tanalýar. Islendik kesbi-kärde-de gaýratlylyk zerurdyr welin, ykbalyny, rysgyny topraga baglanlar — daýhanlar üçin ol has-da wajyp. Çünki ýylyň dowamynda yssy diýmän, sowuk diýmän, gar-ýagyşdan eýmenmän, gaýratlylyk bilen çekilen zähmetiň alynjak hasyla täsiri juda uly. Bu bir täze pikir däl, adaty durmuş hakykaty. Daýhançylygyň kämil milli mekdebini miras goýan pederlerimiz bu babatda paýhasa, akyla ýugrulan nakyllardyr atalar sözleriniň-de ençemesini döredipdirler. Magtymguly Pyragynyň: «Ýeriň ýerden, äriň ärden parhy köp» diýşi ýaly, ýer bar — daýhany ekleýär, daýhan bar — ýeri ýer edýär... Daşoguz şäherinden günbatarlygyna, Akdepe etrabyna tarap ýola düşüp, ýolugra oba adamlarynyň ekerançylyk meýdanlarynda alyp barýan, uly hormata mynasyp işlerini, kadaly gögeriş alnan ýerlerdäki ýaşajyk bugdaý maýsalaryny, dürli görnüşli ot-iýmlik, gök-bakja ekinlerini synlap barşymyza, öz ýanymyzdan: «Dünýäni daýhan ekleýär», «Daýhan baýasa, ýurt baýar» diýen atalarymyz örän mamla. Daýhanlaryň bol hasyly — saçaklarymyzyň berekedi» diýip, olaryň jan aýaman çekýän halal zähmetine bolan hormat-sarpamyz has-da artdy. Şeýle oý-hyýallar bilenem, etrabyň Mollanepes adyndaky daýhan birleşigine çenli 60 kilometre golaý aralygy nädip geçenimizi-de duýmandyrys.

Halallyk — hasylyň binýady

Ene toprak bilen iş salşanyňda, ilkinji nobatda, halallyga gol bermeli. Mukaddes topragymyz hyzmatyny ýetirip bilen daýhany hiç haçan nadyl goýanok. 2019-njy ýyldan bäri etrabymyzyň «Arkaç» daýhan birleşiginde şertnama esasynda kärendeçilik edip, dürli oba hojalyk ekinlerini, hususan-da, azyklyk bugdaý, pagta, gawundyr garpyz ýetişdirmek bilen meşgullanýaryn. Geçen ýyl kärendesine alan ýerimiň 80 gektaryna bugdaý ekip, ondan 164 tonna azyklyk dänäni döwlet harmanyna tabşyrdym. Şu ýyl bolsa güýzlük bugdaý eken ýerimiň umumy meýdanyny 100 gektara ýetirdim. Ekişi welaýatda ilkinjileriň hatarynda tamamladym. Häzir bugdaý maýsalaryny synlanymda, geljek ýyl hem bol hasyl aljakdygyma ynamym artýar. Geçen ýyl 10 gektar ýerden 22 tonnadan geçirip, pagta aldym. Netijede, meýilnamamy iki essä golaý berjaý etdim.

Hasyl toýy toýlandy

Geçen ýekşenbe güni Hasyl toýy ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem dabaraly bellenip geçildi. Şol gün Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasy welaýat derejesindäki baýramçylyk dabaralarynyň merkezine öwrüldi. Bereket-bolçulygy, päk zähmete goýulýan belent sarpany alamatlandyrýan ajaýyp toýuň şatlyk-şowhuny giň ýaýlany gurşap alyp, uly ruhubelentlik ýagdaýyny döretdi. «Toprak halkyň seždegähi-daýanjy, gözellik mirasy, hazyna-genji» diýlip atlandyrylan toý dabarasyna gatnaşan öňdebaryjy oba zähmetkeşleri, agrosenagat toplumynyň, beýleki edara-kärhanalaryň işgärleri, sarpaly ýaşulular, mährem eneler, köp sanly ýaşlar ol ýerdäki tomaşalardan ruhy lezzet we ylham aldylar.

Bereket-bolçulygyň baýramy

Diýarymyzda toýlar toýlara ulaşýar. Her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýunyň dabaralary hem bu hakykaty subut etdi. Üstümizdäki şanly ýylda Hasyl toýy şatlykly we buýsançly dabaralara, ýatdan çykmajak wakalara beslendi. Toý gününde Köpetdagyň eteginiň jana hoştap howaly gözel künjekleriniň birinde 600 baş ahalteke atlaryny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň açylmagy şeýle wakalaryň biri boldy. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak hem-de olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň özboluşly dabaralanmasyna öwrüldi.

Zähmet sowgady

Gökdepe etrabynyň «Ýaňgala» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer kärendeçisi Arslan Ataýew ýurdumyzda giňden bellenilen Hasyl toýuny mynasyp zähmet sowgady bilen garşylady. Toý gününde tejribeli daýhan bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi: — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda çeken zähmetimiz ýerine düşüp, kärende ýerimizde ýetişdiren ak bugdaýymyz, gowaçaly atyzlarymyz berekedini bolluk bilen eçildi. 45 gektar meýdandan ak bugdaýyň bol hasylyny aldyk we bu baradaky döwlet tabşyrygyny artygy bilen ýerine ýetirdik. 10 gektar gowaça meýdanymyzda hem gymmatly ekiniň ýokary hasylyny ýetişdirdik. Pagta taýýarlamak babatdaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli berjaý edip, şu günler meýdandaky galan hasyly hem soňky hanasyna çenli ýygnap almak hyjuwy bilen zähmet çekýäris. Bereket baýramy bolan Hasyl toýuna zähmet sowgady bilen barmak baradaky asylly maksatlarymyzyň hasyl bolandygyna çäksiz begenýäris. Tüweleme, güýzki ekiş möwsüminde 39 gektar meýdanda eken ak bugdaýymyzdan hem kadaly gögeriş aldyk. Idegi kemsiz ýetirilýän ýaşajyk maýsaly meýdanlarymyz hem birgeňsi bolup otyr.

Ekine yhlasly çemeleşilýär

Güýzlük däne ekişini üstünlikli tamamlan welaýatymyzyň gallaçy daýhanlary ak ekine ideg işlerini ýokary talaplara laýyklykda alyp barýarlar. Geljek ýylda däne ekilen 195 müň gektardan bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biri-de ekin meýdanlaryndan kadaly gögeriş alyp, her bir agrotehniki çäräni wagtynda geçirmekden ybaratdygyna oňat düşünýän oba zähmetkeşleri bu günler tutanýerli zähmet çekýärler. Gögeriş suwuny tutmak, gögeriş gazanylan meýdanlardaky ýaşajyk maýsalara ideg etmek işlerinde öňdebaryjy tejribeler we agrotehnikanyň usullary ulanylýar. Welaýatymyzyň Gökdepe, Ak bugdaý etraplarynyň gallaçy daýhanlary ekin meýdanlaryna gögeriş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerinde aýratyn tapawutlanýarlar.

Oba milli maksatnamasy: azyk bolçulygy – il abadançylygy

13-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi. Iş maslahatynda Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.

Hasyl toýy – halkyň toýy

Halkymyz il-ýurt bähbitli, döwletli tutuma başlansa, «Toýdan bolsun!» diýen jümläni dile getirýär. Çünki ähli başlangyjyň toýlara beslenmegi bagtyýarlykdan, döwletlilikden nyşan hasaplanylýar. Ynha, şeýle toýlaryň biri hem geçen hepdäniň ýekşenbe güni — 12-nji noýabrda uludan toýlanan, türkmen ekerançylarynyň zehininiň we zähmetsöýerliginiň, mähriban topragymyzyň egsilmez sahawatynyň beýany bolan Hasyl toýudyr. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy bu toý bilen bagly baýramçylyk çäreleriniň esasy ýaýbaňlandyrylan ýeri boldy. Bu ýerde geçirilen baýramçylyk dabarasyna ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösmegine mynasyp goşant goşan öňdebaryjy kärendeçiler, mehanizatorlar, alym-agronomlar, seçgiçiler we beýleki oba hojalykçy hünärmenler gatnaşdylar.

Ýer – hazyna, daýhan onuň eýesi

Biz «Günbatar topragy» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy, tejribeli oba hojalyk işgäri Hojadurdy Ýegendurdyýew bilen onuň ekin meýdanynda duşuşdyk. Dogrusy, uzaklara ýaýylyp gidýän giň gowaçaly, bugdaýly ekin meýdanlaryny göreniňde, daýhan yhlasynyň bu mes toprakly meýdany gülzarlyga öwürendigine buýsanýarsyň. Ak dona bürenip oturan 20 gektar gowaçaly meýdan, ýaşyl dona bürenip oturan 130 gektar ýaşyl maýsaly ýerler görenleriň gözüni dokundyrýar. Bu bolsa bellenilen şertnamalaýyn meýilnamalaryň üstünlikli berjaý ediljekdigine bolan ynamyňy artdyrýar. — On ýyldan gowrak wagtdan bäri daýhan hojalygyny ýöredip gelýärin. Eziz Diýarymyzyň bu mes toprakly ekin meýdanlary oba hojalyk önümlerini öndürmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Ene ýere daýhan yhlasy bilen hyzmat etseň, bol önüm almaga giň mümkinçilikleriň bardygyny uzak ýyllaryň dowamyndaky baý iş tejribämde doly göz ýetirdim. Kakam daýhançylykdan baý iş tejribe toplan adam. Onuň beren maslahatlary, her bir aýdan bellikleri ýol-ýörelgäm bolup, alyp barýan işimde tejribe toplamagyma itergi berdi.

Ammarlar ýerli gök-bakja önümleri bilen doldurylýar

Daşoguz «Miwe» oba hojalyk senagat birleşiginiň agzybir işgärleri şu günler daýhanlarymyzyň ösdürip ýetişdiren ekinlerinden alynýan oba hojalyk önümlerini ammarlara ýerlemekde arman-ýadaman zähmet çekýärler. Olaryň arasyndan Magtymguly Orazmuhammedowy, Rahman Meretmedowy, Alişir Işanmedowy, Şamuhammet Işangulyýewi, Ogulmeňli Tirkeşowany, Soltanmyrat Amankulyýewi agzap geçsek ýerlikli bolar. Bu kärhanada daýhan birleşikleriniň we daýhan hojalyklarynyň ençemesi, şeýle-de aýry-aýry kärendeçi ýer eýeleri bilen özara şertnama baglaşylyp, olaryň ýetişdiren önümlerinden şu güne çenli 3 müň 817 tonna ýeralma, 599 tonna sogan, 221 tonna bakja önümleri (gawun, garpyz, kädi), şeýle-de 10 tonna golaý pomidor we 5 tonna golaý hyýar, 525 tonna golaý käşir, 41 tonnadan gowrak kelem ýaly azyk önümleri üçin doly hasaplaşyk geçirilip, ammarlara ýerleşdirildi. Şeýle-de, häzirki wagtda käşir, sogan, kelem, kädi ýaly önümleri kabul etmek we ýerlemek işleri doly güýjünde dowam edýär. Ýakyn günlerde ady agzalan önümleriň üsti ýetirilip, indiki möwsüme çenli ilatymyzyň gök-bakja önümlerine bolan islegi doly kanagatlandyrylar. Bizem ykdysadyýetiň esasy ugurlarynyň biri bolan oba hojalygyny ösdürmekde bitirýän beýik işleri üçin hormatly Gahryman Prezidentimize alkyş sözlerini aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary hemişe row