Yhlasly ideg — göwnejaý netije

15 Noýabr 2023
848

Garagum etrabynyň «Garagum kanaly» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri şu günler täze ýylyň hasyly üçin ekilen bugdaýly ýerlerde ideg işini uly depgin bilen alyp barýarlar. Hojalygyň kärendeçileri islendik ekinde bolşy ýaly, bugdaýdan bereketli hasyl almagyň kepiliniň yhlasly zähmetdigine oňat düşünýärler.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda daýhan birleşiginiň kärendeçileri 4100 gektar ýerde ýokary hilli ekiş geçirip, güýzlük bugdaýdan kadaly gögeriş aldylar. Olar gök maýsalary «Dökün bolmasa ekin bolmaz» diýlenine eýrip, mineral dökünler bilen iýmitlendirip, wagtly-wagtyna suwaryp, bol hasyl ugrunda aladalanýarlar. Hojalygyň ak ekinli meýdanlaryna kärendeçileriň 1125-si eýelik edýär. Ak ekin eýeleri meýilnama boýunça täze hasyldan 8979 tonna däne taýýarlamak üçin tutanýerli zähmet çekýärler.