Ýer – hazyna, daýhan onuň eýesi

14 Noýabr 2023
596

Biz «Günbatar topragy» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy, tejribeli oba hojalyk işgäri Hojadurdy Ýegendurdyýew bilen onuň ekin meýdanynda duşuşdyk. Dogrusy, uzaklara ýaýylyp gidýän giň gowaçaly, bugdaýly ekin meýdanlaryny göreniňde, daýhan yhlasynyň bu mes toprakly meýdany gülzarlyga öwürendigine buýsanýarsyň. Ak dona bürenip oturan 20 gektar gowaçaly meýdan, ýaşyl dona bürenip oturan 130 gektar ýaşyl maýsaly ýerler görenleriň gözüni dokundyrýar. Bu bolsa bellenilen şertnamalaýyn meýilnamalaryň üstünlikli berjaý ediljekdigine bolan ynamyňy artdyrýar.

— On ýyldan gowrak wagtdan bäri daýhan hojalygyny ýöredip gelýärin. Eziz Diýarymyzyň bu mes toprakly ekin meýdanlary oba hojalyk önümlerini öndürmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Ene ýere daýhan yhlasy bilen hyzmat etseň, bol önüm almaga giň mümkinçilikleriň bardygyny uzak ýyllaryň dowamyndaky baý iş tejribämde doly göz ýetirdim. Kakam daýhançylykdan baý iş tejribe toplan adam. Onuň beren maslahatlary, her bir aýdan bellikleri ýol-ýörelgäm bolup, alyp barýan işimde tejribe toplamagyma itergi berdi.

Saparmyrat HAKMYRADOW,
öz habarçymyz.