Är gaýraty, ýer berekedi bilen...

15 Noýabr 2023
660

Öňküler aýtmyşlaýyn, är gaýraty, ýer berekedi bilen tanalýar. Islendik kesbi-kärde-de gaýratlylyk zerurdyr welin, ykbalyny, rysgyny topraga baglanlar — daýhanlar üçin ol has-da wajyp. Çünki ýylyň dowamynda yssy diýmän, sowuk diýmän, gar-ýagyşdan eýmenmän, gaýratlylyk bilen çekilen zähmetiň alynjak hasyla täsiri juda uly. Bu bir täze pikir däl, adaty durmuş hakykaty. Daýhançylygyň kämil milli mekdebini miras goýan pederlerimiz bu babatda paýhasa, akyla ýugrulan nakyllardyr atalar sözleriniň-de ençemesini döredipdirler. Magtymguly Pyragynyň: «Ýeriň ýerden, äriň ärden parhy köp» diýşi ýaly, ýer bar — daýhany ekleýär, daýhan bar — ýeri ýer edýär...

Daşoguz şäherinden günbatarlygyna, Akdepe etrabyna tarap ýola düşüp, ýolugra oba adamlarynyň ekerançylyk meýdanlarynda alyp barýan, uly hormata mynasyp işlerini, kadaly gögeriş alnan ýerlerdäki ýaşajyk bugdaý maýsalaryny, dürli görnüşli ot-iýmlik, gök-bakja ekinlerini synlap barşymyza, öz ýanymyzdan: «Dünýäni daýhan ekleýär», «Daýhan baýasa, ýurt baýar» diýen atalarymyz örän mamla. Daýhanlaryň bol hasyly — saçaklarymyzyň berekedi» diýip, olaryň jan aýaman çekýän halal zähmetine bolan hormat-sarpamyz has-da artdy. Şeýle oý-hyýallar bilenem, etrabyň Mollanepes adyndaky daýhan birleşigine çenli 60 kilometre golaý aralygy nädip geçenimizi-de duýmandyrys.

Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren awtor.