«Ak altyndan» bagt tapdym

15 Noýabr 2023
824

Gülçehra BABANAZAROWA,
Çärjew etrabynyň «Dostluk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi:

— Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmeklige aýratyn uly üns berilýär. Döwletimiz tarapyndan kärendeçiler we oba hojalyk önümlerini öndürijiler zerur tehnikalar, dökünler, tohum bilen yzygiderli üpjün edilýär. Häzirkizaman kombaýnlar, ekiş gurallary daýhanlaryň daýanjy bolmak bilen işlerini görnetin ýeňilleşdirýär. Döredilýän bu mümkinçilikler bizi ene ýere yhlasymyzy, maňlaý derimizi siňdirip, bol hasyl ýetişdirmeklige ruhlandyrýar. Zähmetde tapawutlanan kärendeçilere ýylyň-ýylyna hormatly atlaryň dakylmagy, döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy biz — babadaýhanlary diýseň buýsandyrýar. Maňa-da şu ýyl Hasyl toýunyň bellenilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna eýe bolmak bagty miýesser etdi. Muňa maşgalamyz, tutuş dogan-garyndaşlarymyz, obadaşlarymyz bilen örän begendik.