Hasyl toýy – halkyň toýy

14 Noýabr 2023
630

Halkymyz il-ýurt bähbitli, döwletli tutuma başlansa, «Toýdan bolsun!» diýen jümläni dile getirýär. Çünki ähli başlangyjyň toýlara beslenmegi bagtyýarlykdan, döwletlilikden nyşan hasaplanylýar.

Ynha, şeýle toýlaryň biri hem geçen hepdäniň ýekşenbe güni — 12-nji noýabrda uludan toýlanan, türkmen ekerançylarynyň zehininiň we zähmetsöýerliginiň, mähriban topragymyzyň egsilmez sahawatynyň beýany bolan Hasyl toýudyr. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy bu toý bilen bagly baýramçylyk çäreleriniň esasy ýaýbaňlandyrylan ýeri boldy. Bu ýerde geçirilen baýramçylyk dabarasyna ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösmegine mynasyp goşant goşan öňdebaryjy kärendeçiler, mehanizatorlar, alym-agronomlar, seçgiçiler we beýleki oba hojalykçy hünärmenler gatnaşdylar.

ýörite habarçymyz.