Bereket-bolçulygyň baýramy

14 Noýabr 2023
753

Diýarymyzda toýlar toýlara ulaşýar. Her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýunyň dabaralary hem bu hakykaty subut etdi. Üstümizdäki şanly ýylda Hasyl toýy şatlykly we buýsançly dabaralara, ýatdan çykmajak wakalara beslendi. Toý gününde Köpetdagyň eteginiň jana hoştap howaly gözel künjekleriniň birinde

600 baş ahalteke atlaryny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň açylmagy şeýle wakalaryň biri boldy. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak hem-de olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň özboluşly dabaralanmasyna öwrüldi.

Akmaýa MYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.