Hasyl toýy toýlandy

14 Noýabr 2023
769

Geçen ýekşenbe güni Hasyl toýy ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem dabaraly bellenip geçildi. Şol gün Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasy welaýat derejesindäki baýramçylyk dabaralarynyň merkezine öwrüldi.

Bereket-bolçulygy, päk zähmete goýulýan belent sarpany alamatlandyrýan ajaýyp toýuň şatlyk-şowhuny giň ýaýlany gurşap alyp, uly ruhubelentlik ýagdaýyny döretdi. «Toprak halkyň seždegähi-daýanjy, gözellik mirasy, hazyna-genji» diýlip atlandyrylan toý dabarasyna gatnaşan öňdebaryjy oba zähmetkeşleri, agrosenagat toplumynyň, beýleki edara-kärhanalaryň işgärleri, sarpaly ýaşulular, mährem eneler, köp sanly ýaşlar ol ýerdäki tomaşalardan ruhy lezzet we ylham aldylar.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.