Halallyk — hasylyň binýady

15 Noýabr 2023
763

Ene toprak bilen iş salşanyňda, ilkinji nobatda, halallyga gol bermeli. Mukaddes topragymyz hyzmatyny ýetirip bilen daýhany hiç haçan nadyl goýanok. 2019-njy ýyldan bäri etrabymyzyň «Arkaç» daýhan birleşiginde şertnama esasynda kärendeçilik edip, dürli oba hojalyk ekinlerini, hususan-da, azyklyk bugdaý, pagta, gawundyr garpyz ýetişdirmek bilen meşgullanýaryn.

Geçen ýyl kärendesine alan ýerimiň 80 gektaryna bugdaý ekip, ondan 164 tonna azyklyk dänäni döwlet harmanyna tabşyrdym. Şu ýyl bolsa güýzlük bugdaý eken ýerimiň umumy meýdanyny 100 gektara ýetirdim. Ekişi welaýatda ilkinjileriň hatarynda tamamladym. Häzir bugdaý maýsalaryny synlanymda, geljek ýyl hem bol hasyl aljakdygyma ynamym artýar. Geçen ýyl 10 gektar ýerden 22 tonnadan geçirip, pagta aldym. Netijede, meýilnamamy iki essä golaý berjaý etdim.

Aşyrguly ANNAGULYÝEW,
Gyzylarbat etrabynyň «Arkaç» daýhan birleşiginiň kärendeçisi.