Daýhan rysgyna rysk goşulýar

15 Noýabr 2023
692

Şu günlerde altyn güýzüň eçilýän baýlygyny ýygnamagyň özi aýratyn bir lezzet berýär. Daýhan üçin öz göwün islän hasylyny ýygnamak uly bir şatlyk getirýär. Ol şonda ýadawlyk hem duýmaýar. Çärjew etrabynyň «Jeýhun» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri üçin hem altyn güýz şatlyk baryny eçildi. Daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň 370-siniň 300-e golaýy şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen berjaý etdiler. Kärendeçiler toparlarynyň 17-sinden 8-si möwsümiň ilkinji günlerinde diýen ýaly şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendiklerini buşlady. Galan toparlaryň hem aglabasy pellehana golaýlaşýar.

«Ak altynly» meýdanlarda bolsa hasyl heniz ýeterli. Daýhan birleşiginiň başlygy Rozumbaý Joraýew kärendeçileriň ýetişdirilen bol hasyly öz wagtynda ýygnamak, göz öňünde tutulan pellä ýetmek ugrunda yhlasly zähmet çekýändikleri barada guwanç bilen gürrüň berýär. Şu ýyl daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanlarynyň 1184 gektarynda gowaçanyň bol hasyly ýetişdirildi. Şonça meýdandan 3817 tonna «ak altyny» ýygnamak meýilleşdirildi. Daýhan birleşiginiň baş ykdysatçysy Şatlyk Rustamow meýilleşdirilen hasylyň agramly böleginiň ýygnalandygyny aýdýar. Şu oba hojalyk ýylynda gowaçanyň «Ýolöten-7» ýaly hasyl berijiligi ýokary bolan görnüşiniň ekilmegi garaşylýan tamany ödedi. Welaýatymyzda pagta ýygymyna badalga berleninden bäri ýygnalan hasylyň mukdary 3100 tonnadan geçdi. Kärendeçiler toparlary pagta ýygymynyň depginini ýene-de güýçlendirýärler. Rahym Eminowyň, Narbibiş Kadyrowanyň, Sadat Hudaýnazarowanyň, Ýunus Mämmedowyň, Umytjan Babaýewiň kärendeçiler toparlary şu günlerde pagta ýygymynda öň hatarda barýarlar.

Ilmyrat DÖWLETOW.