Bagbanyň bol hasylly baglary

15 Noýabr 2023
612

Ýykylsaň ýere ýapyş. Ata-babalarymyzyň köp synaglardan geçip döreden bu aýtgysy topraga yhlas etseň, onuň rysgal-berekedini sahylyk bilen eçilýändigi baradaky pähim-parasada ýugrulan öwüt-ündewdir.

Hakykatdan hem örküni toprak bilen baglap, alyn derini döküp, oňa hyzmat edýän her bir adam ýerden döwlet tapýar.