Zähmet sowgady

14 Noýabr 2023
873

Gökdepe etrabynyň «Ýaňgala» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer kärendeçisi Arslan Ataýew ýurdumyzda giňden bellenilen Hasyl toýuny mynasyp zähmet sowgady bilen garşylady. Toý gününde tejribeli daýhan bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi:

— Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda çeken zähmetimiz ýerine düşüp, kärende ýerimizde ýetişdiren ak bugdaýymyz, gowaçaly atyzlarymyz berekedini bolluk bilen eçildi. 45 gektar meýdandan ak bugdaýyň bol hasylyny aldyk we bu baradaky döwlet tabşyrygyny artygy bilen ýerine ýetirdik. 10 gektar gowaça meýdanymyzda hem gymmatly ekiniň ýokary hasylyny ýetişdirdik. Pagta taýýarlamak babatdaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli berjaý edip, şu günler meýdandaky galan hasyly hem soňky hanasyna çenli ýygnap almak hyjuwy bilen zähmet çekýäris. Bereket baýramy bolan Hasyl toýuna zähmet sowgady bilen barmak baradaky asylly maksatlarymyzyň hasyl bolandygyna çäksiz begenýäris. Tüweleme, güýzki ekiş möwsüminde 39 gektar meýdanda eken ak bugdaýymyzdan hem kadaly gögeriş aldyk. Idegi kemsiz ýetirilýän ýaşajyk maýsaly meýdanlarymyz hem birgeňsi bolup otyr.

Ýazga geçiren Annamyrat BERDIMYRADOW,
öz habarçymyz.