"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Gyş gapyny kakmanka...

«Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy hem gylyksyz» diýen aýtgynyň hemmeler üçin, esasan-da, çarwalara özboluşly duýduryşdygyna, şeýlelikde hem bu möwsüme göwnejaý taýýarlygyň zerurdygyna ýylyň-ýylyna göz ýetirip gelýän Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Tagtabazar etrabyndaky «Maldar» hojalygynyň dowardarlary bosagada duran gyş paslyny hem taýýarlykly garşylaýarlar. Sebäbi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda öňki bakyp ýören mallarynyň üstüne owlak-guzy möwsüminde 94 müňe golaý ýaşajyk mallaryň goşulmagyny gazanan maljanly çarwalar täze sürüleriň ýene-de ençemesini döretdiler. Şeýle hem maljanly maldarlar bu ýyl baş sany öňki ýyllardan has artan dowarlary başbitin, orta we ýokary semizlikde saklamak, gyşdan abat alyp çykmak üçin möhüm işleri amala aşyrdylar. Agyllardyr çalmarlar, kaşarlar birlaý gözden geçirildi. Gyş gazaply geläýende-de aljyramazlyk üçin derwaýys işler döredildi. 7 müň 651 tonna ýokumly ätiýaçlyk ot-iým gory bolsa, dowarlaryň gyş örüsine, mallaryň gyşladyljak ýerine eltilip, basylyp goýuldy. Şu günki gün Pendi ýaýlasynyň meýdan ot-çöplerine baý ýerlerinde bakylýan dowarlaryň garly, ýagyşly, aňzakly pursatlarda-da horlanmazlyklary üçin ýerine ýetirilýän ygtybarly işler hem gyşda mallaryň dok we abat saklanyljakdygyna şaýatlyk edýär.

Mynasyp goşant

Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary bilen ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda alnyp barylýan tutumly işlere watandaşlarymyzyň ählisi mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tylla güýzünde badalga berlen bag ekişlik möwsüminde mekdebimiziň mugallymlary we okuwçylary ýaş baglaryň düýbüni tutmak işlerine işjeň gatnaşdylar. Mekdebiň daş-töwereginde miweli, saýaly bag nahallarynyň onlarçasy ekilip, ozaldan ösüp oturanlarynyň idegi ýetirildi, timarlanyp bejerildi we suwaryldy. Bu bolsa ýaş nesliň tebigata bolan söýgüsini has-da artdyrdy.

Üzümçilik bilen bagly täsinlikler

Dünýäde üzüm öndürmekde Fransiýa döwleti ilkinji ýerde durýar. Howanyň sowuk ýerlerinde ösýän üzüm agajynyň şahalary 2 – 3 metre, maýyl howaly ýerlerde ösýän üzüm agajynyň şahalary 30 – 40 metre çenli ösmäge ukyplydyr.

Türkmen telekeçileri näme üçin pomidor önümçiligine ýöriteleşdi?!

(Tejribä esaslanýan ylmy seljerme) S

Toprak, daýhan, döwür

Aslyýetinde, «Dünýäni daýhan ekleýär» diýen aýtgy bar. Ynha, biziň ösen döwrümiziň möhüm statistik maglumatlaryndan: — kabul edilen kadalara görä, ýylda her adam ortaça 109, 5 kilogram bugdaý ununy, 2,6 kilogram süle ununy, 6,6 kilogram unaş önümlerini, 8 kilogram tüwi, 4,4 kilogram ýarma, 2,6 kilogram kösükli (noýba, nohut we ş.m) ekinlerden taýýarlanylýan önümleri sarp etmeli. Däneden taýýarlanýan azyk önümleri adamyň gündelik talap edýän energiýasynyň 40 — 67 göterimini üpjün edip bilýär;

Ömrümiň görki, Watan!

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň «Soltanbent» geňeşliginde doglan Güljemal Nazarowa-da tüýs zähmete berlen, iline-gününe, Watanyna ak ýürekden hyzmat edýän zenan. Ol döwür bilen deň gadam urýar. Güljemal on bir çaganyň biri. Kakasy Akmämmet aganyň welaýatyň Wekilbazar etrabynyň «Mekan» daýhan birleşigine işe çagyrylmagy bilen, maşgala ol ýere göçüp gaýdýar. Güljemal orta mekdebi üstünlikli tamamlandan soň, beýleki doganlary bilen birlikde kakasynyň kärende ýerinde oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmeklige höwes bildirýär. — Kärende ýerimize gowaçadyr bugdaý ekerdik. Ýere tohum taşlanan gününden ekinlere yhlas bilen ideg ederdik. Gapdalyndan bakjadyr gök ekinleri ekmegi hem unutmazdyk. Çekilen zähmet öz miwesini eçilende, bol hasyly görüp, zähmetimiziň ýerine düşendigine begenerdik.

Güýz berekedi

Dynç alyş seýilgähiniň owadan baglarynyň arasy bilen, saralyp, ýere düşen ýapraklaryň üstünden ýuwaşja ädimläp barşyma, güýzüň mymyjak şemaly ýüzümi ýelpäp geçdi. Şol pursat şahasyndan tänip, aşaklygyna gaýyp barýan tyllaýy reňkli ýaprakda nazarym eglendi. Ony ýere gaçyrman, gapyp aldym. Aýamy dolduran ýapragyň altyn öwüşgini gözüňi gamaşdyrýardy. Bu görnüş maňa Gurbannazar şahyryň şu setirlerini ýatlatdy: Ýene güýz. Güýz bolsa saralýar ýaprak,Sary şemal ony tändirip geçýär.Çaga dogran enä meňzeş bu toprak, Topragyň üstünden ömürler geçýär.

Hurma agajy

Gündogar hurmasy subtropiki miweli agaç bolup, ol oturdylandan 3-4 ýyldan soň hasyl berip başlaýar. Ösdürilip ýetişdirilýän şertlerine baglylykda, —20°C çenli sowuga çydaýar. Hurmanyň miwesi süýji we ýokumly. Ter miwesi düzüminde 13 — 27% -e çenli gant (glýukoza) we her dürli ýokumly witaminleri saklaýar. Hurma azganlylygy, onikibarmak içegäniň ýarasyny bejermekde giňden ulanylýar. Gündogar hurmasy subtropiki ekinleriň içinde sowuga durnuklylaryň biridir. Ol, köplenç, gyşyň sowugyny hiç hili zyýan çekmän geçirýär. Hurmanyň giç, ýagny maý aýynda güllemegi bolsa ony ýazky sowuk urmadan goraýar. Şonuň üçin Gündogar hurmasy Köpetdagyň etegindäki ýerler üçin hem geljegi bar bag hasaplanýar. Bu miwe çygly subtropiklerden gelip çykandyr, çalt ösýän we tiz hasyla durýan miweli bagdyr. Şeýle-de, ýeterlik derejede suw bilen üpjün edilende, yssy, gurak şertlerde hem oňat hasyl berýär. Onuň tohumy sapmak we peýwent etmek arkaly köpeldilýär. Onuň peýwent edilişi beýleki miweli baglaryňkydan tapawutlanmaýar. Bu işler awgust aýynda geçirilýär. Hurma agajy güýçli şorlaşan we ýerasty suwlary has golaý ýerleşen ýerlerinde ösüp bilmeýär. Onuň üçin toýunsow, çygly, suw geçirijiligi oňat, ýeterlik derejede çüýrüntgisi bolan toprak amatlydyr. Şular ýaly toprakda hurma agajy oňat ösýär, uzak ýaşaýar we köp hasyl berýär. Hurma uzyn boýly agaç bolanlygy sebäpli, ony 6x6, 7x7 ýa-da 8x8 metr bolan çyzgyt

Daýhan hojalyklarynyň mynasyp goşandy

Şu günler ýurdumyzyň pagtaçy daýhanlary halkymyzyň milli baýlygy bolan pagta hasylynyň ýeke hanasyny hem zaýa etmän, Watan harmanyna tabşyrmak ugrunda gaýratly zähmet çekýärler. Pagtaçylarymyzyň yhlas siňdirip ýetişdiren «ak altyn» harmany bolsa barha beýgelýär. Şeýle asylly işe telekeçi daýhanlarymyz hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çäginde hereket edýän daýhan hojalyklarynyň gazanýan netijeleri bilen tanşanyňda, ýere yhlas siňdirýän daýhanlarymyzyň arly ýyllap çekýän zähmetleriniň ýerine düşýändigine göz ýetirmek bolýar. Telekeçi daýhan Döwletmyrat Ýazgylyjow 15 gektar ýerinden 60 tonna golaý, «Owadan gülzarlyk» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Jumasoltan Annakowa 4 gektar ýerden 14 tonnadan gowrak, «Täze depe» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Gözel Rejebowa 3 gektar ýerden 11 tonna golaý pagta hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý etdiler. Şeýle guwandyryjy netijeleri Saparmyrat Babajanowyň «Ak arzuw», Haýbat Agaýewiň «Nurly mülk», Suhanberdi Atajanowyň «Hasylly pudak», Aýnabat Baýjanowanyň «Baýyrly jülge», Ogulgerek Guljanowanyň «Şowlulyk ýoly», Mährijemal Gulataýewanyň «Gülzarly çemen» daýhan hojalyklarynda hem görmek bolýar.

Daýhandan — hereket, ýerden — bereket

Ata-babalarymyz az ýerden köp hasyl almagy mydama öz öňünde maksat edip goýupdyr. Olar «Daýhançylygyň azy ýagşy, çarwaçylygyň — käni» diýen pähimi nesillere miras galdyrypdyrlar. Şundan ugur almak bilen, Lebap welaýatynyň daýhanlary-da ýerden göwün diýen hasylyny almakda yhlasyny gaýgyrmaýarlar. Sebitiň daýhan birleşiklerinde her gektardan 50 sentnere ýetirip pagta hasylyny alan daýhanlaryň sany geçen ýyl 2,5 müňe ýeten bolsa, bu ýyl 3 müňdenem geçdi. Ýakynda dabaraly bellenen Hasyl toýunda Halaç etrabynyň «Pelwert» daýhan birleşiginden Sona Jumageldiýewa, Çärjew etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginden Gülendam Öwezowa, Dänew etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşiginden Leýla Medetowa hem-de Hojambaz etrabynyň «Mekan» daýhan birleşiginden Läle Baranowa ýaly ussat pagtaçy kärendeçilere törden orun berlip, sylag-serpaýlar ýapyldy. Pagta — ýurdumyzyň milli baýlygy, ene ýeriň daýhana eçilýän sahawaty. Pagtadan alynýan önümleriň görnüşi 30-dan hem geçip, olara dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlan nah egirme fabriklerinde öndürilýän dürli ölçegdäki ýüplükleri 10-dan gowrak ýurt satyn alýar. Şol süýümlerden fabriklerimizde dokalýan matalaryň möçberi-de ýylsaýyn artýar.

Hasyl toýy — berekediň baýramy

Diýarymyzda türkmen ekerançylarynyň zehinini we zähmetsöýerligini, mähriban topragymyzyň egsilmez sahawatyny alamatlandyrýan Hasyl toýy giňden bellenildi. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy baýramçylyk çäreleriniň esasy ýaýbaňlandyrylan ýeri boldy. ...Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň esasy girelgesinde özboluşly bezelen sahnada paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň estrada aýdymçylarynyň, döredijilik toparlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Watanymyzyň ýeten sepgitlerini wasp edýän çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Açyk asmanyň astynda ýurdumyzyň oba hojalyk we gaýtadan işleýän senagatynyň gazanan üstünliklerini görkezýän sergi guraldy. Oba hojalyk toplumynyň ähli pudaklary, Aşgabat, Arkadag şäherleri hem-de welaýatlarymyz öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Pagtaçylyk we däneçilik, maldarçylyk, azyk, dokma senagaty pudaklarynyň önümleri myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Uzak örüde — çopanlaryň mekanynda

Çopançylygy kesp-kär edinen adamlara ynsanperwer sypatlar dogabitdi berlen ýaly. Hojambaz etrabynyň «Tallymerjen» maldarçylyk hojalygynda bolanymyzda hem şeýle şähdaçyk, zähmetsöýer adamlara köp duş geldik. Şu günler çopan-çoluklaryň iş-aladasy özlerine ýetik.

Maýsaly meýdanlardaky gyzgalaňly işler

Şu günlerde daýhanlaryň aladalary diňe bir «ak altyny» ýygnamak bilen çäklenmeýär. Olar güýzlük bugdaýa agrotehnikanyň talaplaryna laýyk ideg etmegi hem dowam etdirýärler. Gallaçy kärendeçiler şu günki garaşygyň bol hasylyň binýadyny goýýandygyna düşünýärler. Olar howanyň amatly günlerinden peýdalanyp, ekiniň kadaly boý almagy üçin giň möçberli çäreleri amala aşyrýarlar. Şu ýyl welaýatymyz boýunça 130 müň gektar ýere bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleriniň tohumy ekildi. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen sentýabryň başynda ekişe girişen daýhanlar bu çäräni bellenilen möhletlerde tamamladylar. Bugdaý ekilen meýdanlar ýaşyl begrese beslendi, häzirki günlerde gallaçylarymyz bereketli ekine göwnejaý garaşyk edýärler.

Şaly harmany beýgelýär

Şu günler welaýatymyzda şaly oragy tamamlaýjy tapgyrlarda alnyp barylýar. Zähmetkeş babadaýhanlarymyz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 10200 gektar meýdanda ekilen şalydan 47400 tonnadan gowrak hasyly ýygnamak we Watan harmanyna tabşyrmak ugrunda yhlaslaryny gaýgyrman, netijeli zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda zähmetsöýer adamlaryň şaly ýaly bereketli ekini ösdürip ýetişdirmekleri üçin giň mümkinçilikler we ýeňillikler döredilýär. Şalyçylaryň zähmetini höweslendirmek maksady bilen geçen ýyllarda şalynyň döwlet tarapyndan satyn alnyş nyrhy hem birnäçe gezek ýokarlandyryldy, kuwwatly tehnikalar bolsa yzygiderli satyn alnyp berilýär.

Ussat pagtaçynyň üstünligi

Welaýatymyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Köneürgenç etrabynyň «Kyrkgyz» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýetişdirilen bereketli «ak altyn» hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak ugrunda gaýratly zähmet çekýärler. Şeýlelikde, olaryň Watan harmanyna goşýan ak pagtasynyň saldamly harmany barha beýgelýär. Daýhan birleşiginde gazanylýan şeýle öňegidişliklere mynasyp goşant goşýan, başarjaň kärendeçileriň onlarçasy bar. Olaryň biri-de Daýanç Saparowdyr. Bu daýhan ýigit indi ençeme ýyllar bäri ene toprak bilen iş salşyp, oňa yhlasly hyzmat edip, «ak altynyň» bol hasylyny almagyň hötdesinden gelýär. Munuň häzirki dowam edýän şan-şöhratly ýylymyzda hem şeýle bolandygyny bellemek bolar.

Gallaçylaryň yhlasly zähmeti

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň güýzki bugdaý ekişini öz wagtynda hem-de ýokary hilli amala aşyran Akdepe etrabynyň «Hakykat» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri häzirki günleriň amatly pursatlaryndan ýerlikli peýdalanmak bilen, özlerine berkidilen meýdanlarda ýaşajyk maýsalara ideg etmek işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Bu ýerde ekinleri ýerli hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, şonuň ýaly-da, atyzlaryň gyralaryny çöp-çalamlardan arassalamak bilen baglanyşykly çäreleri göwnejaý ýerine ýetirmekde oňat netijeler gazanylýar. — Daýhan birleşigimizde şu ekiş möwsüminde 1105 gektar meýdana bugdaý ekilip, kadaly gögeriş alyndy — diýip, birleşigiň gallaçylyk boýunça agronomy Hezret Aşyrkulyýew gürrüň berdi: — Şonda kärendeçi daýhanlarymyzyň, mehanizatorlarymyzyň gaýratly zähmet çekendiklerini aýratyn belläsim gelýär. Sebäbi, olaryň agzybirligi, yhlasy bilen ýerlerde sürüm, borona-mala basmak, topraga tohum taşlamak işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi üpjün edildi. Bu bolsa atyz-meýdanlarymyzda gögerişiň kadaly bolmagyna şert döretdi.

Halkymyzyň gadyrly nygmaty

Il arasynda şeýle gürrüň bar. Ir döwürlerde bir ýurduň patyşasy şeýle tagamly tüwiniň nirede öndürilýändigini sorapdyr. Oňa bu tüwiniň türkmen topragynda bitýän şalydan alynýandygyny aýdypdyrlar. Şonda ol şu ýerden toprak, tohum getirip ekmegi buýrupdyr. Emma barybir olaryň ýerinde beýle tagamly tüwi bolmandyr diýýärler. Elbetde, bu rowaýat biziň topragymyzda ýetişdirilýän şalynyň tüwüsiniň gadym wagtlarda-da dünýä meşhur bolandygyny subut edýär. Mundan başga-da, onuň tarypyny ýetirýän ýazgylar, syýahatçylaryň bellikleri az däl.

«Ak altyn» — 2023

PELLERDE ZÄHMET JOŞÝAR Sahawatly altyn güýz paslynda pagtaçy daýhan ýylboýy çeken zähmetiniň hözirini görýär. Daýhan yhlasy bilen açylan hanalary wagtynda ýygnap almak bilen guwandyryjy netijelere eýe bolunýar.

Baglary hatar-hatar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Nagmat daýhan» daýhan hojalygynyň agzybir işgärleri Magtymguly etrabynda  uzak möhletleýin bölünip berlen 292 gektar ýeriň 50 gektaryna nar baglaryny ekip, olara talabalaýyk ideg edýärler. Ynsan eli bilen döredilen we daşky gurşawa oňaýly täsir edýän nar agaçlarynyň göni hatarlaryny synlamagyň özi-de lezzet berýär. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, şu ýyl 15 gektara golaý meýdandaky nar agaçlary ilkinji gezek hasyl beripdir we galan ýer bölegindäki narlaryň indiki ýyl hasyl bermegine garaşylýar. Nar agajynyň her düýbünden 25-30 kilograma çenli hasyl alnypdyr. — Halkymyzyň dürli ir-iýmişlere bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, daýhan hojalygymyzyň işgärleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda tutanýerli zähmet çekýärler. Miweli baglara göwnejaý ideg etmek, olaryň gyş paslynda sowuk urmazlygyny gazanmak geljek ýylyň hasylynyň bitginli bolmagyny şertlendirýär.

Jogapkärli möwsüm

Hormatly Prezidentimiziň gowaça hasylyny atyzlardan soňky hanasyna çenli ýygnap almak baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp işleýän Sarahs etrabynyň oba zähmetkeşleri häzirki jogapkärli möwsümiň her gününde netijeli peýdalanýarlar. Üstümizdäki şanly ýylda etrabyň babadaýhanlary 35 müň 800 tonna “ak altyny” taýýarlap, Watan harmanyna goşmagy belent maksat tutundylar. Bu arzyly sepgide ýetmekde olaryň häzirki günlerde çekýän tutanýerli zähmeti möhüm ähmiýete eýedir. Pagta ýygymynda döwletimiz tarapyndan satyn alnyp, daýhanlaryň ygtyýaryna berlen kämil tehnologiýaly kuwwatly pagta ýygyjy kombaýnlaryň hyzmatyndan ýerlikli peýdalanylýar. Mehanizatorlar özlerine berkidilen “polat atlaryny” saz işledip, jogapkärli möwsüme saldamly goşant goşýarlar. Ökde ýygymçylar, kärendeçiler hem ýygymda yhlaslylyk görkezýärler. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň wekilleri bolsa, ýygym möwsüminde pagtaçylaryň arasynda bolup, bu jogapkärli işiň ähmiýetini düşündirýärler, öňdebaryjylary sylaglaýarlar.