Hurma agajy

25 Noýabr 2023
1052

Gündogar hurmasy subtropiki miweli agaç bolup, ol oturdylandan 3-4 ýyldan soň hasyl berip başlaýar. Ösdürilip ýetişdirilýän şertlerine baglylykda, —20°C çenli sowuga çydaýar. Hurmanyň miwesi süýji we ýokumly. Ter miwesi düzüminde 13 — 27% -e çenli gant (glýukoza) we her dürli ýokumly witaminleri saklaýar. Hurma azganlylygy, onikibarmak içegäniň ýarasyny bejermekde giňden ulanylýar. Gündogar hurmasy subtropiki ekinleriň içinde sowuga durnuklylaryň biridir. Ol, köplenç, gyşyň sowugyny hiç hili zyýan çekmän geçirýär. Hurmanyň giç, ýagny maý aýynda güllemegi bolsa ony ýazky sowuk urmadan goraýar. Şonuň üçin Gündogar hurmasy Köpetdagyň etegindäki ýerler üçin hem geljegi bar bag hasaplanýar. Bu miwe çygly subtropiklerden gelip çykandyr, çalt ösýän we tiz hasyla durýan miweli bagdyr. Şeýle-de, ýeterlik derejede suw bilen üpjün edilende, yssy, gurak şertlerde hem oňat hasyl berýär. Onuň tohumy sapmak we peýwent etmek arkaly köpeldilýär. Onuň peýwent edilişi beýleki miweli baglaryňkydan tapawutlanmaýar. Bu işler awgust aýynda geçirilýär. Hurma agajy güýçli şorlaşan we ýerasty suwlary has golaý ýerleşen ýerlerinde ösüp bilmeýär. Onuň üçin toýunsow, çygly, suw geçirijiligi oňat, ýeterlik derejede çüýrüntgisi bolan toprak amatlydyr. Şular ýaly toprakda hurma agajy oňat ösýär, uzak ýaşaýar we köp hasyl berýär. Hurma uzyn boýly agaç bolanlygy sebäpli, ony 6x6, 7x7 ýa-da 8x8 metr bolan çyzgytlar boýunça oturtmak maslahat berilýär. Hurmanyň hasyllylygy köp derejede agrotehniki çäreleriň geçirilişine we gülleriň tozanlanyşyna baglydyr. Şonuň üçin hurma baglary oturdylanda, esasy sortlar bilen bilelikde, 12 — 15 %-den az bolmadyk möçberde tozanlandyryjy sortlary hem oturdylmalydyr. Hurmanyň ýaş baglary ýylda 8 — 10, has gurak ýerlerde bolsa ol 10 — 12 gezek suwarylýar. Aýratyn hem baldaklary ösüp başlan, gunçalaryň emele gelýän, düwünçekleriň ösýän we hasylyň ýetişýän döwürlerinde tutulýan suwlar onuň hasyllylygyna has oňaýly täsir edýär. Gündogar hurmasyna dökünler topragyň gurplulygyna, baglaryň ýagdaýyna, ýaşyna we hasyllylygyna baglylykda berilýär. Organiki we mineral dökünler bilelikde ulanylanda, has gowy netije berýär. Hasyl berýän hurma bagynyň her gektaryna 160 — 180 kg azot, 100 — 120 kg fosfor, 60 — 90 kg kaliý (arassa madda görnüşinde) we 20 — 30 tonna ders bermek maslahat berilýär. Hurmanyň miwelerini garaňky, oňat şemallaýan we gaty gurak bolmadyk jaýda saklamaly. Şonda olar bir hatarda bir-birine degmez ýaly edilip goýulýar. Hurma miwelerini saklamak üçin +1°C temperatura amatly hasaplanýar. Hurmany ösdürip ýetişdirmek we saklamak boýunça ýokarda aýdylan maslahatlar kadaly ýerine ýetirilse, halkymyzy bu tagamly we saglyga peýdaly miwe bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Merýem SÖÝÜNOWA.
Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň uly ylmy işgäri.