Gallaçylaryň yhlasly zähmeti

22 Noýabr 2023
652

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň güýzki bugdaý ekişini öz wagtynda hem-de ýokary hilli amala aşyran Akdepe etrabynyň «Hakykat» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri häzirki günleriň amatly pursatlaryndan ýerlikli peýdalanmak bilen, özlerine berkidilen meýdanlarda ýaşajyk maýsalara ideg etmek işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Bu ýerde ekinleri ýerli hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, şonuň ýaly-da, atyzlaryň gyralaryny çöp-çalamlardan arassalamak bilen baglanyşykly çäreleri göwnejaý ýerine ýetirmekde oňat netijeler gazanylýar.

— Daýhan birleşigimizde şu ekiş möwsüminde 1105 gektar meýdana bugdaý ekilip, kadaly gögeriş alyndy — diýip, birleşigiň gallaçylyk boýunça agronomy Hezret Aşyrkulyýew gürrüň berdi: — Şonda kärendeçi daýhanlarymyzyň, mehanizatorlarymyzyň gaýratly zähmet çekendiklerini aýratyn belläsim gelýär. Sebäbi, olaryň agzybirligi, yhlasy bilen ýerlerde sürüm, borona-mala basmak, topraga tohum taşlamak işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi üpjün edildi. Bu bolsa atyz-meýdanlarymyzda gögerişiň kadaly bolmagyna şert döretdi.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».