Daýhan hojalyklarynyň mynasyp goşandy

24 Noýabr 2023
743

Şu günler ýurdumyzyň pagtaçy daýhanlary halkymyzyň milli baýlygy bolan pagta hasylynyň ýeke hanasyny hem zaýa etmän, Watan harmanyna tabşyrmak ugrunda gaýratly zähmet çekýärler. Pagtaçylarymyzyň yhlas siňdirip ýetişdiren «ak altyn» harmany bolsa barha beýgelýär. Şeýle asylly işe telekeçi daýhanlarymyz hem özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çäginde hereket edýän daýhan hojalyklarynyň gazanýan netijeleri bilen tanşanyňda, ýere yhlas siňdirýän daýhanlarymyzyň arly ýyllap çekýän zähmetleriniň ýerine düşýändigine göz ýetirmek bolýar. Telekeçi daýhan Döwletmyrat Ýazgylyjow 15 gektar ýerinden 60 tonna golaý, «Owadan gülzarlyk» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Jumasoltan Annakowa 4 gektar ýerden 14 tonnadan gowrak, «Täze depe» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Gözel Rejebowa 3 gektar ýerden 11 tonna golaý pagta hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý etdiler. Şeýle guwandyryjy netijeleri Saparmyrat Babajanowyň «Ak arzuw», Haýbat Agaýewiň «Nurly mülk», Suhanberdi Atajanowyň «Hasylly pudak», Aýnabat Baýjanowanyň «Baýyrly jülge», Ogulgerek Guljanowanyň «Şowlulyk ýoly», Mährijemal Gulataýewanyň «Gülzarly çemen» daýhan hojalyklarynda hem görmek bolýar.

Annageldi BEKIÝEW,
öz habarçymyz.