Baglary hatar-hatar

22 Noýabr 2023
537

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Nagmat daýhan» daýhan hojalygynyň agzybir işgärleri Magtymguly etrabynda  uzak möhletleýin bölünip berlen 292 gektar ýeriň 50 gektaryna nar baglaryny ekip, olara talabalaýyk ideg edýärler. Ynsan eli bilen döredilen we daşky gurşawa oňaýly täsir edýän nar agaçlarynyň göni hatarlaryny synlamagyň özi-de lezzet berýär. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, şu ýyl 15 gektara golaý meýdandaky nar agaçlary ilkinji gezek hasyl beripdir we galan ýer bölegindäki narlaryň indiki ýyl hasyl bermegine garaşylýar. Nar agajynyň her düýbünden 25-30 kilograma çenli hasyl alnypdyr.

— Halkymyzyň dürli ir-iýmişlere bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, daýhan hojalygymyzyň işgärleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda tutanýerli zähmet çekýärler. Miweli baglara göwnejaý ideg etmek, olaryň gyş paslynda sowuk urmazlygyny gazanmak geljek ýylyň hasylynyň bitginli bolmagyny şertlendirýär.

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,
«Balkan».