Jogapkärli möwsüm

22 Noýabr 2023
613

Hormatly Prezidentimiziň gowaça hasylyny atyzlardan soňky hanasyna çenli ýygnap almak baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp işleýän Sarahs etrabynyň oba zähmetkeşleri häzirki jogapkärli möwsümiň her gününde netijeli peýdalanýarlar. Üstümizdäki şanly ýylda etrabyň babadaýhanlary 35 müň 800 tonna “ak altyny” taýýarlap, Watan harmanyna goşmagy belent maksat tutundylar. Bu arzyly sepgide ýetmekde olaryň häzirki günlerde çekýän tutanýerli zähmeti möhüm ähmiýete eýedir.

Pagta ýygymynda döwletimiz tarapyndan satyn alnyp, daýhanlaryň ygtyýaryna berlen kämil tehnologiýaly kuwwatly pagta ýygyjy kombaýnlaryň hyzmatyndan ýerlikli peýdalanylýar. Mehanizatorlar özlerine berkidilen “polat atlaryny” saz işledip, jogapkärli möwsüme saldamly goşant goşýarlar. Ökde ýygymçylar, kärendeçiler hem ýygymda yhlaslylyk görkezýärler. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň wekilleri bolsa, ýygym möwsüminde pagtaçylaryň arasynda bolup, bu jogapkärli işiň ähmiýetini düşündirýärler, öňdebaryjylary sylaglaýarlar.

Saýatly ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Sarahs etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.