Güýz berekedi

25 Noýabr 2023
735

Dynç alyş seýilgähiniň owadan baglarynyň arasy bilen, saralyp, ýere düşen ýapraklaryň üstünden ýuwaşja ädimläp barşyma, güýzüň mymyjak şemaly ýüzümi ýelpäp geçdi. Şol pursat şahasyndan tänip, aşaklygyna gaýyp barýan tyllaýy reňkli ýaprakda nazarym eglendi. Ony ýere gaçyrman, gapyp aldym. Aýamy dolduran ýapragyň altyn öwüşgini gözüňi gamaşdyrýardy. Bu görnüş maňa Gurbannazar şahyryň şu setirlerini ýatlatdy:

Ýene güýz. Güýz bolsa saralýar ýaprak,
Sary şemal ony tändirip geçýär.
Çaga dogran enä meňzeş bu toprak,
Topragyň üstünden ömürler geçýär.

Şirin ÖWEZBERDIÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.