Halkymyzyň gadyrly nygmaty

22 Noýabr 2023
556

Il arasynda şeýle gürrüň bar. Ir döwürlerde bir ýurduň patyşasy şeýle tagamly tüwiniň nirede öndürilýändigini sorapdyr. Oňa bu tüwiniň türkmen topragynda bitýän şalydan alynýandygyny aýdypdyrlar. Şonda ol şu ýerden toprak, tohum getirip ekmegi buýrupdyr. Emma barybir olaryň ýerinde beýle tagamly tüwi bolmandyr diýýärler.

Elbetde, bu rowaýat biziň topragymyzda ýetişdirilýän şalynyň tüwüsiniň gadym wagtlarda-da dünýä meşhur bolandygyny subut edýär. Mundan başga-da, onuň tarypyny ýetirýän ýazgylar, syýahatçylaryň bellikleri az däl.

Ýörite habarçymyz.