Daýhandan — hereket, ýerden — bereket

24 Noýabr 2023
853

Ata-babalarymyz az ýerden köp hasyl almagy mydama öz öňünde maksat edip goýupdyr. Olar «Daýhançylygyň azy ýagşy, çarwaçylygyň — käni» diýen pähimi nesillere miras galdyrypdyrlar. Şundan ugur almak bilen, Lebap welaýatynyň daýhanlary-da ýerden göwün diýen hasylyny almakda yhlasyny gaýgyrmaýarlar. Sebitiň daýhan birleşiklerinde her gektardan 50 sentnere ýetirip pagta hasylyny alan daýhanlaryň sany geçen ýyl 2,5 müňe ýeten bolsa, bu ýyl 3 müňdenem geçdi. Ýakynda dabaraly bellenen Hasyl toýunda Halaç etrabynyň «Pelwert» daýhan birleşiginden Sona Jumageldiýewa, Çärjew etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginden Gülendam Öwezowa, Dänew etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşiginden Leýla Medetowa hem-de Hojambaz etrabynyň «Mekan» daýhan birleşiginden Läle Baranowa ýaly ussat pagtaçy kärendeçilere törden orun berlip, sylag-serpaýlar ýapyldy.

Pagta — ýurdumyzyň milli baýlygy, ene ýeriň daýhana eçilýän sahawaty. Pagtadan alynýan önümleriň görnüşi 30-dan hem geçip, olara dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlan nah egirme fabriklerinde öndürilýän dürli ölçegdäki ýüplükleri 10-dan gowrak ýurt satyn alýar. Şol süýümlerden fabriklerimizde dokalýan matalaryň möçberi-de ýylsaýyn artýar.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).