Mynasyp goşant

28 Noýabr 2023
658

Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary bilen ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda alnyp barylýan tutumly işlere watandaşlarymyzyň ählisi mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tylla güýzünde badalga berlen bag ekişlik möwsüminde mekdebimiziň mugallymlary we okuwçylary ýaş baglaryň düýbüni tutmak işlerine işjeň gatnaşdylar.

Mekdebiň daş-töwereginde miweli, saýaly bag nahallarynyň onlarçasy ekilip, ozaldan ösüp oturanlarynyň idegi ýetirildi, timarlanyp bejerildi we suwaryldy. Bu bolsa ýaş nesliň tebigata bolan söýgüsini has-da artdyrdy.

Muhabbat ÖWEZOWA,
Çärjew etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň mugallymy.