Ussat pagtaçynyň üstünligi

22 Noýabr 2023
607

Welaýatymyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Köneürgenç etrabynyň «Kyrkgyz» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýetişdirilen bereketli «ak altyn» hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak ugrunda gaýratly zähmet çekýärler. Şeýlelikde, olaryň Watan harmanyna goşýan ak pagtasynyň saldamly harmany barha beýgelýär.

Daýhan birleşiginde gazanylýan şeýle öňegidişliklere mynasyp goşant goşýan, başarjaň kärendeçileriň onlarçasy bar. Olaryň biri-de Daýanç Saparowdyr. Bu daýhan ýigit indi ençeme ýyllar bäri ene toprak bilen iş salşyp, oňa yhlasly hyzmat edip, «ak altynyň» bol hasylyny almagyň hötdesinden gelýär. Munuň häzirki dowam edýän şan-şöhratly ýylymyzda hem şeýle bolandygyny bellemek bolar.

Ýörite habarçymyz.