Şaly harmany beýgelýär

22 Noýabr 2023
743

Şu günler welaýatymyzda şaly oragy tamamlaýjy tapgyrlarda alnyp barylýar. Zähmetkeş babadaýhanlarymyz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 10200 gektar meýdanda ekilen şalydan 47400 tonnadan gowrak hasyly ýygnamak we Watan harmanyna tabşyrmak ugrunda yhlaslaryny gaýgyrman, netijeli zähmet çekýärler.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda zähmetsöýer adamlaryň şaly ýaly bereketli ekini ösdürip ýetişdirmekleri üçin giň mümkinçilikler we ýeňillikler döredilýär. Şalyçylaryň zähmetini höweslendirmek maksady bilen geçen ýyllarda şalynyň döwlet tarapyndan satyn alnyş nyrhy hem birnäçe gezek ýokarlandyryldy, kuwwatly tehnikalar bolsa yzygiderli satyn alnyp berilýär.

Ilmyrat DÖWLETOW.