"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Parahatçylyga çagyryşyň milli nusgasy

Hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan döwletimiziň milli diplomatiýasy halkara jemgyýetçiliginde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Biziň ýurdumyz sebit we ählumumy derejede parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi milli edebiýatymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Sebäbi edebiýatda öçmejek yz galdyran nusgawy şahyrlarymyz özbaşdak, erkana, parahat we garaşsyz döwleti döretmek hakyndaky pikirlerini, arzuwlaryny öz şahyrana eserlerinde beýan edip geçipdirler. Biz muny görnükli edebiýatymyza ser salanymyzda aýdyň görýäris.

Bitaraplygyň aýdyň ýoly halkara giňişliginiň ykrarnamasy hökmünde

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy eýýamynyň eşretli günlerinde bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygyna bu günki gün 27 ýyl doldy. Bu döwrüň içinde parahatçylygy söýüjilik syýasatyny amala aşyryp, Türkmenistan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň, gepleşikleriň geçirilýän, üstaşyr ulag geçelgeleriniň ygtybarly hereket edýän ýerine öwrüldi. Bu babatda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň we türkmen goňşuçylyk hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ähmiýeti uludyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen Bitaraplygy sebitleýin durnuklylygyň, parahatçylygyň we ösüşiň möhüm faktory bolup çykyş edýändiginiň hem-de ähli ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Hoşniýetli hyzmatdaşlyk syýasaty – hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň özeni

Dil bilmek — döwletlilik

«Her dil — bir dünýä» diýen pederlerimiz dil öwrenmäge aýratyn ähmiýet beripdirler. Dil öwrenmegiň dünýä ýurtlary bilen işjeň gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky orny barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasaty munuň şeýledigini has-da aýdyň görkezýär. Dürli dilleri öwrenmek, dil bilmek ýurdumyzda ylmy-bilimi ösdürmekde, işewürlik ulgamynda, medeni gatnaşyklarda hem barha giň gerime eýe bolýar. Ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde dil öwretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Diýarymyzda daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň ençemesi hereket edýär. Öwredilýän dilleriň hatarynda rus, iňlis, hytaý, ýapon, italýan dilleri ýaly, dünýäde has giň ýaýran diller bar. Daşary ýurt dillerine söýgi döretmekde Gahryman Arkadagymyzyň dünýä dillerine terjime edilen gymmatly eserleriniň ähmiýeti hem örän uludyr. Baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk baýramçylygynyň uludan bellenilen günlerinde hormatly Arkadagymyzyň «Ýaşasyn, parahat durmuş!» atly şygrynyň arap, fransuz, iňlis, rus, hytaý dillerinde şol ýurtlaryň ussat aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirilmegi halkymyzyň buýsançly başyny göge ýetirdi. Munuň özi sungatyň üsti bilen halklary ysnyşdyrmakda dünýä dillerini öwrenmegiň döwrüň talabydygyna ýene bir gezek aýdyň güwä geçýär.

Baky bagtyň baýramy

Halkara Bitaraplyk gününiň we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamany kabul etmeginiň 27 ýyllyk baýramçylyk dabaralary welaýatymyzda ýokary ruhubelentlige beslendi. Baýramçylyk dabaralary Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda ir säherden başlandy.  Oňa welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, il sylagly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar. Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen, belende galdyrylan ýaşyl Baýdagymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň özygtyýarlylygynyň, mizemez berkararlygynyň, il agzybirliginiň, ýurt abadançylygynyň nyşany

Parahatçylyk şuglasy

Mähriban halkymyz hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda baky Bitaraplyk baýramçylygyny uludan belläp geçdi. Hemişelik Bitaraplyk bu türkmen halkynyň milli buýsanjydyr, Türkmen demokratiýasynyň binýatlyk diregleriniň hakyky beýanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň baky Bitaraplygy bu biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, baş maksadymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşy berdi, ol Garaşsyzlygyň çuň manyly ideýalarynyň amala aşyrylmagy üçin ynamdar kepil bolup hyzmat edýär. Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy bolan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň ykdysady ösüşini we abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biridir.

Bagtymyzyň gözbaşy

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan goldamagynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýadaky ygtybarly daýanjyna öwrüldi we bu ugurda üstüne alan borçlaryna ygrarlydygyny geçen sanlyja ýyllaryň içinde subut etdi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz häzirki wagtda dünýäde parahatçylygyň dabaralanmagyna, abadançylygyň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, durnukly ösüşleriň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzda türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň, Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilmegi hem aýdyň mysaldyr. Ýakynda ýurdumyzda geçirilen «Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala we maslahata halkara guramalaryň wekilleri, aýdymçylardyr sazandalar, alymlardyr hünärmenler, aýdym-saz sungatyny öwrenijiler geldiler. Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Tatarystanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Bu dabara baky Bitarap ýurdumyzyň dünýädäki at-abraýyny has-da beýiklere göterdi. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatyndan rowaçlanyp, beýik ösüşlere eýe bolýan baky Bitarap Diýarymyz häzirki wagtda dün

Binýady dostlukdan tutulan köpri

Ýene ýarym aýdan taryha siňjek «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň turuwbaşdan uly tutumlara baý bolandygy gürrüňsiz hakykat. Ýöne şanly ýyl, göwnüňe bolmasa, «Taryhy tutumlar bilen geldim, taryhy tutumlar bilen hem taryha siňýärin» diýýäne çalymdaş. Düýn-öňňin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen üçtaraplaýyn gepleşikler uly taryhyň hut özi. Bu gepleşikleriň diňe bir 2022-nji ýylda däl, tutuş döwrümiziň taryhynda möhüm waka öwrüljekdigi şübhesiz hakykat. Ertir ― 16-njy dekabrda Türkiýäniň türkmen Garaşsyzlygyny ykrar edenine 31 ýyl dolýar. Türkiýe Respublikasy döredilenine ýaňy birki aý bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden dünýäde ilkinji döwlet bolupdy. Türkmenistan bilen deňeçer Garaşsyzlygyny gazanan Azerbaýjan bolsa şondan sähel salym soň biziň ýurdumyz bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.

Watansöýüjiligiň beýik nusgasy

Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralary ýakymly wakalary bilen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň sahypalarynda öçmejek yz goýdy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen hormatly Prezidentimize «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanynyň berilmegi bolsa şol wakalaryň ýakymyny we täsirini has-da artdyrdy. Bu örän ýerine düşen çözgütdir. Çünki eýýäm birnäçe ýyldan bäri ýurdumyzyň üstünlikli daşary syýasaty hormatly Prezidentimiziň ady bilen berk baglanyşykly. Elbetde, Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişeninden bäri dünýä döwletleri bilen parahatçylyga, ynanyşmaga esaslanýan hyzmatdaşlygy nusgalyk derejede alyp barýar. Ýurtbaştutanymyz ýokary döwlet wezipesine girişmezden ozal hem bu işde baý tejribe toplady. Ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki wekilhanalarynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde jogapkärli wezipelerde işläp, dünýä döwletleriniň ençemesi bilen hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparlara ýolbaşçylyk eden hormatly Prezidentimiziň ägirt uly diplomatik ukyby dünýä derejesinde ykrar edildi.

Täze mekan — toýly mekan

Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Türkmenabat şäherinde Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda hersi 32 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 40-sy ulanylmaga berildi. Toý dabaralary irden ýaýbaňlanyp ugrady. Il-ýurt şatlygyny beýan edýän däp-dessurlar göwünleri göterip, ruhubelentlik paýlady.

Süýji arzuwlar wysalyna gowuşýar

Türkmenabat Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda dörän şäherçäniň owadan binalarynyň üstüne ýene-de kyrk sany ýaşaýyş jaýy goşuldy. Bu owadan we gelşikli şäherçede ýaşap ýören bagtyýar ilatyň düzümi bolsa öňküsinden 1280 sany maşgala köpeldi. Gündogar sebitiň täze dörän owadan şäherçesi ýene-de toý lybasyna beslendi. Bagtyýarlykdan ýaňa ýüzleri gülüp, ruhlary belende galýan öý eýeleriniň birnäçesiniň durmuşlarynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýan waka bilen baglanyşykly şatlyklaryny paýlaşmazlyk asla mümkin däl. Size-de nesip etsin!

Sähra goýnundaky göwher monjuk

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalaryň netijesinde ýurdumyz ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Medeni-durmuş, senagat maksatly desgalar, energetika toplumlary, gaz geçiriji ulgamlar, şeýle-de içinde ähli amatlylyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu bolsa ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan Watanymyzyň barha artýan kuwwatyny aýdyň görkezýär. Türkmenabat Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda täze gurlan ýaşaýyş jaýlar toplumy hem muňa mysaldyr. Bu döwrebap toplum hersi 32 öýli, dört gatly, 40 sany ýaşaýyş jaýyndan ybaratdyr. «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşigi, «Demirbetonkonstruksiýa», «Demirbetonönümleri» kärhanalary, «Şähergurluşyk we hyzmat» hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanasy bu gurluşyklaryň potratçylarydyr. 2019-njy ýylda başlanan toplumyň gurluşygyna «Zehinli ussa», «Jöwher gala», «Ýyndam gurluşyk», «Dowamly nyşan», «Asuda nesil», «Saldamly goşant», «Ajaýyp zaman», «Ata sarpasy», «Jennetli geljek», «Päk köňül» we başga-da birnäçe hususy kärhanalar gatnaşdy.

Goşa şatlyk — goşa toý

Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Seýdi şäherinde 24 öýli dört gatly ýaşaýyş jaýy ulanylmaga tabşyryldy. Bagtyýar maşgalalaryň 24-si üçin bu baýramçylyk goşa şatlyk getirdi. Täze binanyň öňünde ýaňlanýan aýdym-sazyň ýakymly owazy jaý toýuna gatnaşyjylaryň şatlyklaryna şatlyk goşdy. Täze, döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasyna il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olar täze mekanyň ýaşaýjylaryny bu şanly waka bilen gutladylar. Gutlaglarda hormatly Prezidentimiziň raýatlaryň gowy ýaşamaklary ugrunda ýöredýän ynsanperwer syýasaty, bitirýän beýik işleri üçin hoşallyk sözleri ýaňlandy. Garaşsyz döwletimizde raýatlaryň bähbitleri göz öňünde tutulyp, amala aşyrylýan işleriň jümle-jahany haýrana goýýandygy guwanç bilen bellenildi. Bu gün bagtyýarlyk mekanyna öwrülen Türkmenistanda raýatlaryň ruhubelent işlemekleri we bolelin durmuşda ýaşamaklary üçin ähli şertler döredilýär.

Döwür içre Diýar gülleýär bu gün

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ösüşiň, özgerişiň buýsançly belentliklerine göterilýär. Türkmenistanyň Bitaraplygy — munuň özi biziň şu günümiz we geljegimiz, onda halkara gatnaşyklary ösdürmek, syýasy, ykdysady, taryhy, medeni ugurlary öz içine alýan döredijilikli başlangyçlar jemlenýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, parahatçylyk, howpsuzlyk, sagdynlyk, adamlaryň abadan we bagtyýar durmuşy, döredijilik, dünýä halklarynyň dostlugy, ylalaşygy ýaly asylly ýörelgeler bilen utgaşýar. Şu günler eziz Diýarymyzy gurşap alýan taryhy ähmiýetli wakalar türkmen halkymyzy buýsandyrýar, baky bagtyň goýnuna ýollaýar. Täze taryhymyzyň şöhratly menzillerine guwanç bilen nazar aýlalyň! 9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirmegi hem-de onda ýurdumyzyň daşary syýasatyna degişli wajyp meselelere garalmagy möhüm ähmiýetli waka boldy.

Parahatçylyk söýüjiligiň beýik strategiýasy

Bitaraplyk taglymaty — bu dünýä döwletleri bilen ylalaşykly ýaşamak diýmekdir. Döwletimiziň dünýä ýüzünde hemişelik Bitaraplyk hukugyna eýe bolmagy ýaş türkmen döwletiniň gülläp ösmegi üçin badalga boldy. Häzirki wagtda ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanmak arkaly halkara gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyza berýän ünsüniň we hormatynyň aýdyň beýanydyr. Taryh üçin gysga döwürde türkmen Bitaraplygy dünýäde belent ykrarnama eýe bolmak bilen, Aşgabat bu ykrarnamanyň jähetinde sebitde we dünýäde ylalaşdyryjy merkeze öwrülýär. Dürli dawa-jenjelleriň parahatçylykly çözülmegini ugur edinip, ýurdumyz möhüm halkara başlangyçlaryny öňe sürmek bilen, dünýäde «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly taglymatlaryny dabaralandyrýar.

Milli parahatçylyk ýörelgesi

Hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan döwletimiziň milli diplomatiýasy halkara jemgyýetçiliginde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Biziň ýurdumyz sebit we ählumumy derejede parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak ugrunda üstünlikli çykyş edýär. Türkmenistan dünýä döwletleri bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, ynanyşmak esasynda özara gatnaşyklary ösdürýär. Oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanyp, işjeň durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty halkara kadalaryna laýyklykda, daşary ýurt maýa goýumlarynyň goraglylygyny kepillendirýär, daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin amatly şertleri döredýär. Ýurdumyzyň iňňän baý tebigy serişdeleriniň bütin adamzadyň hyzmatynda goýulýandygy, amatly geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklere eýedigi, syýasy durnuklylygyň saklanýandygy oňyn netijelerini berýär. Şunlukda, hemişelik Bitaraplyk syýasatyna eýerip, Türkmenistan bütin dünýäde we şol sanda sebitde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde daşary ýurtlaryň maýasyny, tehnologiýasyny, tejribesini ýurdumyzyň milli ykdysadyýetine giňden çekmek arkaly, dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Täze ösüş ýoly türkmeniň taryhy ýörelgesine we milli däp-dessurlaryna laýyk gelýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy deňhukukly, özara hormat go

Göwünleň gülleýän gözel mekany

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gysga taryhy döwrüň içinde kaşaň myhmanhanalar, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän sagaldyş, dynç alyş merkezleri gurlup, halkyň hyzmatyna berildi. Bu günki gün Awaza hemişelik Bitarap Türkmenistanyň baştutanlyk etmeginde halkara maslahatlaryň, festiwallaryň, dabaralaryň geçirilýän, dostlugyň gülleýän mekanyna öwrüldi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky gözel ymaratlaryň biri hem «Türkmengaz» döwlet koserniniň «Berkarar» myhmanhanasydyr.

Baky Bitaraplyk — şöhrat-şanymyz, täze eýýam — täze bagt daňymyz

12-nji dekabrda ata Watanymyzda merdana halkymyz agzybirlikde Halkara Bitaraplyk gününi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň 27 ýyllygyny giňden dabaraly belläp geçdi. Asylly däbe görä, şol gün esasy baýramçylyk çäreleri paýtagtymyzdaky Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Säher bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birinde ýerleşýän Bitaraplyk binasynyň ýanynda aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary, şol sanda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahata, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň köp sanly agzalary ýygnandylar.

Türkmen halkynyň parahatçylykly, döwletli ýoly

Her bir döwletiň, halkyň taryhynda has täsirli, möhüm ähmiýetli, şanly seneleri bolýar. Türkmen halky üçin şeýle naýbaşy seneleriň biri-de, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrydyr. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ykrar edildi. BMG-niň taryhynda-da şu mazmunly Rezolýusiýa ilkinji gezek kabul edildi. Bu taryhy waka halkymyzyň has irki döwürlerde durmuşa ornaşdyran ynsanperwer adat-däpleriniň halkara resminamada öz beýanyny tapandygyny alamatlandyrdy. Döwletimiziň Garaşsyzlyk ýoly bilen galkynyş, parahatçylyk arkaly ösüş ganatyny goşalandyrdy. Şanly sene türkmen jemgyýetiniň ata-baba dowam edip gelýän belent adamkärçilik, agzybirlik, dostluk, duýgudaşlyk, raýdaşlyk ýaly bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklaryna ygrarlydygyny dabaralandyrdy. Danalarymyzyň milletara gatnaşyklarda ylalaşykly, açyk göwünli bolmak, ynsan mertebesini hormatlamak, birek-birege ynanyşmak we goldaw bermek hakynda il-ulsuna miras goýan wesýetleriniň umumadamzat bähbitlidigini dünýä ýaýdy. Buýsançly gün ýagşy niýetli watandaşlarymyzy parasatly akyl-paýhasy, hoşmeýilli erk-islegi, joşgunly döredijiligi, yhlasly zähmeti bilen Zemin asudalygynyň hatyrasyna mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrdy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýany ikinji gezek kabul edendigi aýd

Ýaşasyn parahat durmuş!

Hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda il-ýurduň abadan, bütin adamzadyň parahat ýaşamagynyň hatyrasyna tutumly işler amala aşyrylyp, döwletimiziň dünýä derejesindäki abraý-mertebesi barha belende göterilýär. Umumadamzadyň bagtly geljeginiň bähbidine parahatçylyga, rowaçlyga çagyrýan ýörelgeler Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly ajaýyp goşgusynda aýdyňlygy bilen beýanyny tapýar. Halkara Bitaraplyk gününiň uludan toý edilýän günlerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine döredilen «Ýaşasyn parahat durmuş!» aýdymy üçin taýýarlanan wideoşekiliň dabaraly tanyşdyrylmagy diýseň tolgundyryjy boldy. Bu aýdymyň dünýäniň dürli halklarynyň dillerinde joşgunly ýaňlanmagy ähliniň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.

Bitaraplyk — parahatçylykly ösüşiň nusgasy

Hoşniýetli Bitaraplyk, parahatçylyk dörediji taglymlaryny ýaýbaňlandyrmak, agzybirlige sarpa goýmak, birek-birege ýardam bermek türkmen halkynyň ynsanperwer ýol-ýörelgelerinden, milli däp-dessurlaryndan gözbaş alýar. Şeýle ýol-ýörelge bilen nesil terbiýelän halkymyz bu gün hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň nurana şuglasyny dünýä ýüzüne ýaýradýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty hemişe parahatçylyga hem oňyn goňşuçylyk gatnaşyklaryna ymtylýan türkmen halkynyň milli däpleriniň döwrebap ýüze çykmasyna öwrüldi. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 27 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahatdaky çykyşlarda bitaraplyk ýörelgeleriniň gymmatlyklaryny açyp görkezmäge giň orun berildi. Halkara maslahatyň başynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň foruma gatnaşyjylara iberen gutlagynda Bitaraplyk ýörelgeleriniň ýurtlaryň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklar üçin möhüm ähmiýetiniň bardygy bellenilýär. Halkara maslahatyň çäklerinde «Dialog — öňüni alyş işiniň we gapma-garşylyklary aradan aýyrmagyň guraly», «Dialog arkaly azyk we ekologiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmak», «Maglumat giňişliginde köptaraply hyzmatdaşlyk we milletara gatnaşyklary ýola goýma