Baky Bitaraplyk — şöhrat-şanymyz, täze eýýam — täze bagt daňymyz

13 Dekabr 2022
644

12-nji dekabrda ata Watanymyzda merdana halkymyz agzybirlikde Halkara Bitaraplyk gününi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň 27 ýyllygyny giňden dabaraly belläp geçdi. Asylly däbe görä, şol gün esasy baýramçylyk çäreleri paýtagtymyzdaky Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Säher bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birinde ýerleşýän Bitaraplyk binasynyň ýanynda aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary, şol sanda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahata, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň köp sanly agzalary ýygnandylar.

TDH-nyň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.